Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 30-njy noýabr 1-nji dekabr aralygynda Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan sebitiniň merkezi şäheri Çenduda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň 5-nji maslahatyna gatnaşar. Bu barada HHR-iň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin mälim etdi.

“Sinhua” agentliginiň penşenbe güni habar bermegine görä, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, HHR-iň daşary işler ministri Wan Iniň başlyklyk etmeginde geçiriljek maslahata Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary hytaý tarapy bilen sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, özara gatnaşyklary berkitmek ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrlikleriniň 4-nji maslahaty HHR-iň Döwlet geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Sin Ganyň başlyklygynda 27-nji aprelde Sian şäherinde geçirildi.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary bilelikde geçiriljek çäreleriň tertibini ylalaşdylar
Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler
Lebaply daýhanlar MHM-niň gorkuzmalaryna sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar
ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär