Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi

Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Rumyniýada saparda bolýar.Saparyň çäginde Rumyniýanyň Alba-Ýuliýa şäherinde ýerleşýän 1 Decembrie 1918 uniwersitetinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda 1 Decembrie 1918 uniwersitetiniň rektory Daniýel Breaz hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak meselesi boýunça pikir alyşdylar.

Bu barada Orient habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar 1 Decembrie 1918 uniwersitetiniň Aşgabatdaky şahamçasyny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binýadynda açmak barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, şahamçada, ilkinji nobatda, magistr maksatnamasy boýunça Biznes administrasiýasy ugrundan bilim bermek göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de saparyň çäginde iki ýokary okuw mekdebiň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmek meselesine bagyşlanylan tegelek stol hem geçirildi.

Ýeri gelende bellesek, Rumyniýanyň 1 Decembrie 1918 uniwersiteti Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen 2018-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen wagtyň dowamynda halkara hukugy we kompýuter tehnologiýalary ugurlary boýunça mugallymlaryň alyş-çalyşy, Erasmus Mobility Program (Erasmus +) maksatnamasynyň çäklerinde talyplaryň alyş-çalyşy hem-de bilelikdäki ylmy gözlergler durmuşa geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Elektron wizalar, Türkiýede durmuş guran aýallara ýurtdan çykmaga rugsat berilmegi oňyn ädim synçy
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Döwletjan Ýagşymyradow orta agramda “PFL-niň” çempiony boldy
Lebap welaýatynyň telekeçileri eksporty $200 milliona çenli artdyrmagy meýilleşdirýärler
Aşgabatda Türkmenistan “Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi