Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Medeniýet öýleriniň we medeniýet merkezleriniň işini kämilleşdirmek, oba ilatyna medeni taýdan hyzmat etmek, oba ýaşaýjylarynyň dynç alyş wagtlaryny täsirli geçirmek maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 10-11-nji aprelinde Daşoguz welaýatynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem täsirli pursatlara baý boldy. Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde, Gubadag etrap medeniýet öýünde geçirilen Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!
atly aýdym-sazly döredijilik duşuşyklarynda Biznes reklama gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmen dünýäsi gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Dädebaý Nartyýew, Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibinur Aşyrowa, Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Halmyrat Şyhyýew, Babadurdy Babaýew dagy çykyş etdiler.
Aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, şahyrlarymyzyň okan goşgularyny, artistleriň çykyşlaryny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. 11-nji aprelde Görogly etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyjyň doglan gününiň 140 ýyllygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Bu döredijilik duşuşygynda halypa ýazyjy-şahyrlar, şeýle hem, Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyjyň ogly, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrgylyç Durdygylyjow, Daşoguz şäher 2-nji çagalar sungat mekdebiniň müdiri, şahyr Kakabaý Ylýasowyň agtygy Gülnabat Ylýasowa, Boldumsaz etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Aýgül Nazarowa, Görogly etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň mugallymy Bahar Annaşowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabyrow dagy çykyş edip, halypa şahyrlaryň edebi mirasy, ömri, döredijiligi, olaryň eserlerinde ündelýän watansöýüjilik pikirleri barada tomaşaçylara gyzykly gürrüňleri berdiler.
Soňra bu ýerde guralan dabaralar Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky 46-njy orta mekdebinde Watansöýüjiligi ündän şahyr atly duşuşyk bilen dowam etdi.Durdy Gylyç adyndaky 46-njy orta mekdebiň binasynyň öňündäki Durdy Gylyjyň ýadygärliginiň öňünde mekdep okuwçylary çykyş edip, şahyryň goşgularyny okadylar.
Bu mekdepdäki Durdy Gylyjyň edebi mirasyna degişli muzeý bilen tanyşlyk has-da täsirli boldy.Döredijilik duşuşyklarynda çykyş edenler türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.
Akmyrat REJEBOW, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri
