Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. 24-nji iýunda Türkmenbaşy etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Arkadagly Watanymyzdillerde dessanymyz!
atly döredijilik duşuşygy geçirildi.Döredijilik duşuşygyny Biznes reklama gazetiniň esasy ugurlar boýunça utgaşdyryjy redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew alyp bardy.Täsirli guralan duşuşykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa, okuwönümçilik merkeziniň lukmany, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Ataýew, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Bazar Şalyýew, Türkmen dünýäsi gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Göwher Ahmedowa, Maru-Şahu jahan gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Bahargül Mejidowa, Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Gültäç Orazjanowa dagy çykyş etdiler.
Döredijilik duşuşygynda ýerine ýetirilen çykyşlarda mähriban Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy giňden wasp edildi.Türkmenistanyň at gazanan artisti Dursunjemal Gazakowanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi Mekan Nurmedowyň ýerine ýetiren aýdymlaryny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar.
Arkadagly Watanymyz dillerde dessanymyz!atly döredijilik duşuşygy Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň many-mazmunyny baýlaşdyran özboluşly çäreleriň biri boldy.Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.
Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
