Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler

Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler

2024-nji ýylyň 23 28-nji dekabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl konsertleri guralar. Onuň maksatnamasynda dünýäniň dürli künjeginden gelen artistleriň ajaýyp çykyşlary bar.

Konsertler 23-nji dekabrda eýranly aýdymçy Emin Raseniň çykyşlary bilen badalga alar. 24-nji dekabrda özbek artisti Osman Nowruzow tomaşaçylara şatlyk paýlar, 25-nji dekabrda bolsa türkiýeli aýdymçy Murat Boz sahnada çykyş eder. Bu barada Gyşky oýunlar sport toplumynyň wekilleri “Biznes Türkmenistan” internet-neşirine habar berdi.

Tunisiýaly ýyldyz aýdymçy Amani Swissi 26-njy dekabrda konsert maksatnamasy bilen çykyş eder, russiýaly aýdymçy Arsen Şahuns bolsa 27-nji dekabrda konsert berer. Konsertler toplumy 28-nji dekabrda türk aýdymçysy Gülşen Baýraktaryň konserti bilen jemlener.

Konsertler üçin petekleri Gyşky oýunlar sport toplumynyň kassalaryndan satyn alyp bolar. Petekleriň bahalary oturylýan ýer bölümine laýyklykda, 100 150 manat aralygyndadyr.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan konsertlerde daşary ýurt estradasynyň ýyldyzlary çykyş eder
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy $947,7 milliondan geçdi
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary bilelikde geçiriljek çäreleriň tertibini ylalaşdylar
Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Lebaply daýhanlar MHM-niň gorkuzmalaryna sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar