Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy $947,7 milliondan geçdi

Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy $947,7 milliondan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 947,7 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 848.5 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 99,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Degişli döwürde Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 54,4 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,4 milliard ABŞ dollary möçberinde ýa-da 6,7 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 867,8 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny maslahatlaşdylar
Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar
“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy