Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 2026-njy ýylyň 1012-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Sergide gurluşyk tehnologiýalary we tehnikalary, gapylar we penjireler, ýyladyş we sowadyş ulgamlary, ýylylyk we ses izolýasiýa materiallary, üstki örtükleri we diwar çözgütleri, fasad örtükleri, elektrik we yşyklandyryş enjamlary, metizler we gurallar, hojalyk tehnikalary we keramika önümlerine çenli harytlaryň giň görnüşleri görkeziler.

Şeýle-de çärede oba hojalyk hem-de gaplama önümleri, kosmetika we himiýa serişdeleri, degirmen enjamlary, azyk önümleri we azyk senagaty üçin niýetlenen enjamlar, öý tekstili, mebel we dürli aksessuarlar, myhmanhana pudagy üçin niýetlenen enjamlar hödürlener. Bu barada Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklary boýunça geňeşi habar berýär.

Mundan öňki Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 2024-nji ýylyň 46-njy dekabry aralygynda Aşgabatda geçirilipdi.

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada geçiriljek halkara çäreleriň guramaçylygy bilen tanyşdy
Türkiýäniň derman öndüriji kompaniýasy Türkmenistan bilen eksport şertnamasyny baglaşdy
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygary we nyşany tassyklandy
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça iki Kararnama kabul etdi
ÝÖB: Hytaýyň Merkezi Aziýa maýa goýumlary $35,9 milliarda ýetdi
Türkmen logistika kompaniýalary türkmenhytaý işewürlik forumynda ýörite şertlerden peýdalanarlar