Aşgabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Aşgabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda hem-de “Parahat — 7/5” ýaşaýyş toplumynda duşenbe güni täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Paýtagtyň Büzmeýin etrabynda 2 sany 4 gatly 32 öýli we 1 sany 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan çykyşlary bilen utgaşdy. Täze ýaşaýyş desgalary raýatlary häzirki zaman talaplaryna laýyk, amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge niýetlenendir.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlary zerur inženerçilik hem-de ulag infrastrukturalary bilen enjamlaşdyrylyp, otaglaryň oňaýly ýerleşdirilişi maşgalalaryň rahat ýaşamagyna gönükdirilien. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täze öý eýeleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda möhüm waka öwrüldi. Dabaraly çäreler däp bolan täze öýe göçüş dessury bilen utgaşdyryldy, şeýle-de milli däpleriň dowamatlylygyny we olaryň häzirki zaman durmuşy bilen sazlaşygyny nygtaýar.

Şol gün Mary welaýatynyň Mary şäherindäki ýaşaýyş toplumynda hem raýatlara täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Bu waka Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda bagtly maşgalalar üçin ýatdan çykmajak sowgat boldy.

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Aşgabat şäherinde täze talh çakyr kärhanasynyň önümleri tanyşdyryldy
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri ýedi ýaşady
Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler