Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garib-Abadi gepleşikler geçirip, 2026-njy ýylyň tomsunda Tähran şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän VII Hazarýaka döwletleriniň sammitine taýýarlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada IRNA habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sammitiň öňüsyrasynda çäreleriň utgaşdyrylmagy, şeýle-de Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şol sanda sebit häsiýetli bilelikdäki başlangyçlar barada hem pikir alyşdylar.

Kazem Garib-Abadi dialogy dowam etdirmek, şeýle-de ähli Hazarýaka döwletleriniň bähbitlerine laýyklykda ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrylmagyny nygtady.

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde VI Hazar sammiti geçirildi.

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Garibabadi Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň wekili bilen duşuşdy
Garibabadi: Amerikanyň adam hukuklary baradaky talaplary ýalandyr
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy
Aşgabatda Gruziýanyň täze Ilçisi işläp başlady
Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk
Şu ýyl Nobeliň edebiýat baýragyny kim alar?