ٍEýranyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary bu deňziň soňky wakalary we geljek ýylyň mordad aýynda Tähranda Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlarynyň 7-nji sammitiniň geçirilmeginiň jikme-jiklikleri barada Türkmenistanyň Hazar deňziniň boýunça ýörite wekili bilen duşuşykda gözden geçirdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Kazem Garibabadi X kanalynda Türkmenistanyň wekili bilen duşuşygy yglan etdi we şeýle ýazdy: Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek çäklerinde men Tähranda Hazar deňzi boýunça Türkmenistanyň ýörite wekili jenap Murat Atajanow bilen duşuşdym.
Bu duşuşykda biz Hazar basseýni bilen baglanyşykly soňky wakalary, geljek ýylyň mordad aýynda Tähranda Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlarynyň 7-nji sammitini geçirmek, kenarýaka ýurtlarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygy we Hazar deňziniň ekologiýa meseleleri, şol sanda Tähran konwensiýasynyň sekretariatyny sebite geçirmek we bu deňziň suw derejesiniň peselmegine garşy durmak üçin amaly çözgütleri gözden geçirmek ýaly temalary gözden geçirdik diýdi.
Garibabadi şeýle hem sözüniň dowamynda bu duşuşykda kenarýaka ýurtlarynyň umumy bähbitlerine laýyklykda maslahatlaşmalary dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga üns berildi diýip ygaln etdi.
