“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy

“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy

“Arkadag” futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2 bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyryny üstünlikli tamamlady. Dekabr aýynyň 24-ne geçirilen duşuşykda türkmen kluby Bahreýniň “Al-Haldiýa” toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňip, toparçadaky ikinji orny eýelemegi başardy. Bu ýeňiş “Arkadag” toparyny ýaryşyň 1/16 final tapgyryna çykmaga mümkinçilik döretdi.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, “Arkadag” topary ýaryşyň 1/16 final tapgyrynda Günbatar zolagynyň toparçalarynda birinji orny eýelän toparlaryň biri bilen duşuşar. Anyk garşydaş 30-njy dekabrda geçiriljek bije çekişliginiň dowamynda belli bolar.

Häzirki wagtda türkmen futbol toparynyň mümkin bolan garşydaşlarynyň hatarynda sebitiň güýçli wekilleri — Saud Arabystanynyň “Al-Nasr”, Omanyň “Al-Wasl” hem-de Iordaniýanyň “Al-Hussein” toparlary görkezilýär.

Ýatlap geçsek, şu ýylyň maý aýynda “Arkadag” futbol topary 2024/25 möwsüminiň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. Final duşuşygynda türkmen topary Kambojanyň “Preah Khan Reach Svay Rieng” klubyny 2:1 hasaby bilen ýeňdi. Bu taryhy üstünlik Pnompendäki "Moredok Techo" milli stadionynda geçirildi.

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

“Arkadag” futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynda “Al-Nassr” kluby bilen duşuşar
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary bilelikde geçiriljek çäreleriň tertibini ylalaşdylar
Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler
Lebaply daýhanlar MHM-niň gorkuzmalaryna sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar