“Arkadag” futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynda “Al-Nassr” kluby bilen duşuşar

“Arkadag” futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynda “Al-Nassr” kluby bilen duşuşar

Türkmenistanyň “Arkadag” futbol topary AFK-niň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň 2025/26 möwsüminiň 1/8 final tapgyrynda Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen duşuşar. Türkmen toparynyň garşydaşy Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen bije çekilişiniň netijesinde kesgitlenildi. Bu barada AFK resmi web-sahypasynda habar berilýär.

Bije çekişligiň netijelerine görä, her sebitden bolan toparlar iki sebede bölündi: 1-nji sebetde toparçalaryň ýeňijileri, 2-nji sebetde bolsa ikinji orunlary eýelän toparlar girizildi. “Arkadag” kluby Günbatar sebitiniň 2-nji sebedine düşen bolsa, “Al-Nassr” topary 1-nji sebedine girizildi.

1/8 final tapgyrynyň oýunlary 2026-njy ýylyň 1011-nji we 1718-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Çärýek final duşuşyklary 34-nji we 1011-nji martda, ýarym final duşuşyklary bolsa 7-nji we 14-nji aprelde geçiriler. Günbatar we Gündogar sebitleriniň wekilleriniň arasynda bir duşuşyk görnüşinde geçiriljek final oýny 2026-njy ýylyň 16-njy maýynda bolar.

“Arkadag” futbol topary 20-nji dekabrda AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2 bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyryny üstünlikli tamamlady. Bahreýniň “Al-Haldiýa” toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňip, toparçadaky ikinji orny eýelemegi başardy.

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary bilelikde geçiriljek çäreleriň tertibini ylalaşdylar
Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler
Lebaply daýhanlar MHM-niň gorkuzmalaryna sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar