Çagyryş filmi rus kinoprokatynyň ilkinji onlugyna girdi

Çagyryş filmi rus kinoprokatynyň ilkinji onlugyna girdi

Kinorežissýor Klim Şipenkonyň Çagyryş filmi rus kinoprokatynyň ilkinji onlugyna girdi diýip, Russiýanyň Kino gaznasyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Russiýadaky prokatyň ilkinji onlugyna Çagyryşdan başga ýene 5 ýerli film — Çeburaşka, Hyzmatkär, Ýokarlygyna hereket, T-34, Soňky batyr: tümlügiň çapary filmleri girdi.

Sanawda daşary ýurt filmlerinden Möý-adam: öýe ýol ýok, Patyşa şir, Ar alyjylar: Jemleýji, Karib deňziniň garakçylary 5 bar.

Çagyryş filminiň ilkinji görkezilişi 20-nji aprelde boldy, ol iki hepdede bir milliard rubl kassa ýygymyny toplady. Awgustyň başynda filmiň girdejisi 2 milliard rubldan geçdi.

Çagyryş Halkara kosmos stansiýasynda surata düşürilen ilkinji çeper filmdir. Baş keşbi ýerine ýetirýän aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko älemde 12 gün boldular.

Ýene degişli makalalar

6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
'Mejbury tomaşaçy' meselesiniň çözgüdi 'halk durmuşynyň gowulanmagynda' - Synçy
ABŞ, Müsür we Katar Gaza Üçin Gepleşikleriň Başlamagy Boýunça Çagyryş Etdi
7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen toparlary AFK-nyň täze ýaryşlaryndan näçe pul gazanar?
BMG Parasatlylyk Çagyryşyny Berdi
Arkadag futbol kluby ýoldaşlyk duşuşygynda Rumyniýanyň toparyndan üstün çykdy