Änew şäherinde agyz suwunyň hili ýaramazlaşýar

Änew şäherinde agyz suwunyň hili ýaramazlaşýar

Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň ýaşaýjylary sarp edilýän agyz suwunyň hiliniň ýaramazlaşandygyny aýdýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Içimlik agyz suwy şorlaşýar. Suwuň düzümindäki duzlaryň derejesi juda ýokarlandy” diýip, bir şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Agyz suwundan egin-eşiklerini ýuwmak üçin peýdalanýan hojalyklar suwuň düzümindäki duzlaryň eşiklere siňýändigini aýdýarlar.

“Agyz suwuna ýuwlan gara reňkli eşikler guradylandan soňra agarýar, edil ak heke ýatyrylan ýaly ap-ak bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, hususan-da, tomus aýlarynda talabyň ýokarlanmagy bilen, içimlik we ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligi ýaramazlaşýar. Käbir sebitlerde agyz suw üpjünçiliginiň kesilmegi ýygjamlaşýar.

Ahal welaýatynyň Änew şäheri 2022-nji ýylyň 20-nji dekabryna çenli günorta sebitiň dolandyryş merkezi bolupdy. Şonda welaýat merkezi Mejlisiň karary bilen Arkadag şäherine göçürildi. Änew şäheri Ak bugdaý etrabynyň dolandyryş merkezi hökmünde yglan edildi.

Ýerli ýaşaýjylar şäheriň sebit merkezi statusyna eýe bolan döwürlerinde agyz suw üpjünçiliginiň ýagdaýynyň häzirkisinden has oňat bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň şäher ýerlerinde köplenç merkezleşdirilen suw desgalaryndan peýdalanylýar. Etraplar we obalar merkezleşdirilmedik, ýa-da özbaşdak desgalardan, ýerasty suwlardan, guýulardan we suw howdanlaryndan peýdalanýar.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiýa hünärmenleri wagtal-wagtal ýurduň çäklerinde täze tapylan ýerasty süýji suw ýataklary baradaky habarlar bilen ýerli metbugatda çykyş edýärler.

Ýurduň iň iri süýji suw zawodlar toplumy Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Bu sebitde bar bolan iri agyz suw toplumlarynyň kuwwaty soňky sapar 2010-njy ýylda giňeldildi. Toplumyň düzümindäki ilkinji suw desgasy 1969-njy ýylda işe girizilipdi. Resmi maglumatlara görä, Aşgabat şäheriniň agyz suw üpjünçiligi hem Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän agyz suw toplumy arkaly ýola goýulýar.

Şol bir wagtda, 2019-njy ýylda Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde hem kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr suw öndürmäge ukyply täze agyz suw desgasynyň gurluşygyna girişildi. Ýöne döwlet metbugaty heniz bu desganyň işe girizilip-girizilmändigi barada habar bermedi.

Ýurduň iň iri agyz suw desgalarynyň golaýynda ýerleşýän Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýaşaýjylary arassa agyz suwunyň hiliniň ýaramazlaşmagyndan şikaýat edýärler.

“Häzir ilat içimlik agyz suwuny satyn alyp içýär” diýip, änewli ýaşaýjy gürrüň berdi.

2019-njy ýylda ilata berilýän ýeňillikleriň ýatyrylmagy bilen, agyz suwunyň üpjünçiligi hem tölegli görnüşe geçirildi. Gaz we elektrik energiýasyny ölçeýji enjamlar bilen bir hatarda, hojalyklara suw hasaplaýjy enjamlar hem ornaşdyryldy.

Türkmenistanda döwlet häkimiýeti ilaty iň esasy zerurlyklaryň biri bolan arassa agyz suwy bilen ilkinji nobatda üpjün etmegiň kepilliklerini öz üstüne alýar.

Azatlyk Radiosy Änew şäherinde agyz suwunyň hiliniň ýaramazlaşmagy boýunça şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Ilatyň agyz suw üpjünçiliginiň ýola goýulmagy 2010-njy ýylda kabul edilen “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň kanuny bilen düzgünleşdirilýär.

Änew şäheri 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan “türki dünýäsiniň medeni paýtagty” yglan edildi. Bu mynasybetli ýylyň dowamynda şäherde abadanlaşdyryş işleri has-da ýaýbaňlandyrylýar.

Ak bugdaý etraby 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurtda iň gowy etrap yglan edildi we 1 million dollar möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda polisiýa işgärleri çagalaryň ýaremezan aýtmagyna böwet boldy’
Berdimuhamedowlaryň arassa agyz suwy wadalaryna näme boldy?
Türkmenistanyň Prezidenti ilata örtükleriň ulanylýan we zerur däl ýerlerini düşündirmegi tabşyrdy
Aşgabatda suw üpjünçiligi meselesi agyrlaşdy
Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri
Halkara gatnawlaryň ýolagçylary üçin düzgünleri neşir edildi