Änew taryhy medeniýetiň ojagy

Änew  taryhy medeniýetiň ojagy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Änew-taryhy medeniýetiň ojagy ady bilen Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitabyny eliňe almagyň täsiri has-da başgaça bolup, onda Gadymy Änewiň täsinligi, Taryhy birleşdirýän uly wakalar, Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar atly baplardan, birnäçe bölümlerden ybarat bolan bu kitap müňýyllyklaryň jümmüşine syýahata alyp gidýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmen halkynyň milli mirasyny ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy bellenildi
"Il üçin dogrupdyň, düşün ahyry..."
14-16-njy noýabr aralygynda teatrlarda görkeziljek oýunlar
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň uly göwrümli, täze edebi eserleri çapdan çykdy
Şagulyýewanyň 85 ýyllyk ýubileýi edebiýatda dörän 35 ýyllyk boşluga ünsi çekdi
Moskwada geçirilen halkara onlaýn festiwal-bäsleşiginde türkmenistanly operaçy birinji orny eýeledi
Hakyda göwheri döredijilik ylhamy