Änewde italýan aşhanasynyň tagamlaryny taýýarlaýan restoran açyldy

Änewde italýan aşhanasynyň tagamlaryny taýýarlaýan restoran açyldy

Ilatly restorany Aşgabadyň we onuň daş-töwereginiň ýaşaýjylaryny italiýaly professional aşpez tarapyndan taýýarlanýan italýan aşhanasynyň dürli görnüşli tagamlary bilen tanyşmaga çagyrýar.

Rahat, döwrebap Ýewropa usulynda bezelen restoranda müşderilere ýokary italýan aşhanasynyň iň meşhur we özüne çekiji tagamlary pastalaryň dürli görnüşleri, rizotto, lazanýa, pissalar, meşhur italýan süýjülikleri, şeýle hem özboluşly italýan usulynda taýýarlanan kofe garaşýar.

Baş aşpez Massimiliano Armenio Italiýanyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň restoranlarynda uly iş tejribesine eýedir.

Ilatly restorany Aşgabadyň etegindäki Änew şäherinde Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 65) 65 01 41. Restoranyň sosial ulgamdaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

19.07.2018 | Halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň innowasiýa ýoludyr
Halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň innowasiýa ýoludyr
18.09.2018 | Türkmen-german hyzmatdaşlygy: saglygy goraýşa innowasiýalar ornaşdyrylýar
Türkmen-german hyzmatdaşlygy: saglygy goraýşa innowasiýalar ornaşdyrylýar
Täze bäş görnüşi tapyldy
20.07.2019 | Türkmen we dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň Aşgabat sergisi