Täze bäş görnüşi tapyldy

Afrikanyň gündogaryndaky Madagaskar adasynda gurbagalaryň täze 5 görnüşi tapyldy.Germaniýanyň Lýudwig we Maksimilian adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň ylmy işgärleriniň geçiren barlaglarynyň netijesinde tapylan täze jandarlar örän kiçi bolmagy bilen tapawutlanýar.

Ylmy toparyň ýolbaşçysy Mark D.Şer gurbagalaryň ulusynyň dyrnak ýaly, kiçisiniň tüwi dänesi ýalydygyny belleýär. Şer täze tapylýan gurbagalaryň sanynyň günsaýyn artýandygyna ünsi çekip, olaryň köplenç kiçi görnüşli bolýandygyny aýdýar.

Madagaskarda häzire çenli 350 görnüşli gurbaganyň ýaşaýandygy anyklandy.Kiçi gurbagalar häzire çenli iň az öwrenilen ýerde-suwda ýaşaýan jandarlar bolmagynda galýar.Madagaskar dünýäde inedördül kilometr başyna iň köp gurbaga ýaşaýan ýer hasaplanýar.

Täze tapylan jandarlar “dar agyzly” gurbagalar hökmünde hasaba alyndy.Gurbagalaryň üçüsi ylym dünýäsine täze girizilen “Mini” toparyna degişli edildi “Mini mum”, “Mini scule” we “Mini ature”.Olaryň iň ulusy bolan “ature” 15 mm, beýleki ikisi 811 mm. “Rhombophryne proportionalis” hem-de “Anodonthyla eximia” diýlip at berlen gurbagalaryň ululygy bary-ýogy 1112 mm bolup, öz maşgalasyna degişli beýleki agzalardan has kiçi bolmagy bilen tapawutlanýar. “Dar agyzly” gurbagalar Ýewropa we Antarktikadan başga dünýäniň ähli yklymlarynda ýaşaýar.

Emma Madagaskardan tapylan täze jandarlar endemik görnüş hasaplanýar.Hindi ummanyndaky Madagaskar başga-da birnäçe endemik jandarlara we ösümliklere baý ýerdir.

Ýene degişli makalalar

Madagaskarda Tupan Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 18 Adama Ýetdi
Euronews: gülgüne flamingolar Türkmenistanda gyşlamazdan öň Karaköl kölüne geldiler
Türkmenistan Minsk traktor zawodynyň ýörite tehnikalaryny satyn aldy
BMG dünýäniň 23 ýurdunda açlyk howpunyň höküm sürýändigi barada duýduryş berdi
Suwsuzlyga çydamly ösümlikler
Aýna ýaly kebelek