Ärdogan Ankarada türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ärdogan Ankarada türkmen wekiliýetini kabul etdi

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ankarada saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, wise-premýer R.Meredow türk Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depginine çuňňur kanagatlanma bildirdiler we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada bellediler.

Duşuşykda, şeýle hem sebitara we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: Geosyýasy wakalar Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini görkezýär
Türkiýe-Belgiýa gatnaşyklary pugtalanýar
Türkiýede ýiten iki türkmen aktiwistiniň işi gaýtadan Edirne prokuraturasyna berildi
Türkiye Ysraýyl tarapyndan tussag edilen CNN Türk toparynyň dessine boşadylmagyny talap etdi
Erdogan: "Türkiye meseleleri parahatçylyga gönükdirilen diplomatiýa arkaly çözmäge synanyşýar”
NATO Eýranyň Türkiyä tarap barýan ballistik raketasyny täsirsiz ýagdaýa getirdi
Türkiýäniň parlament agzasy ýitirim bolan türkmen aktiwistleriniň ykbalyna alada bildirdi