Ärdogan gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmekçi

Ärdogan gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmekçi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öň Russiýanyň döwlet Baştutany Wladimir Putin tarapyndan teklip edilen gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmegi söz berdi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Türk Lideriniň sözlerine görä, Putin bu barada oňa saýlawlarda ýeňiş gazanmagy bilen bagly ýollan deslapky gutlag hatynda ýatladypdyr.

Özüniň gutlag hatynda jenap Putin Türkiýäniň, takyk aýdylanda, Frakiýanyň gaz merkezi bolmalydygyny ýatlatdy. Biz bu ädimi onuň bilen bilelikde ätdik. Frakiýa merkez bolar diýip, Ärdogan öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Russiýa Federasiýasy tarapyndan teklip edilen gaz merkezi taslamasy boýunça gazy satmak we satyn almak işleri 2024-nji ýylda başlanar diýlip garaşylýar. Ärdoganyň sözlerine görä, Ýewropa ýurtlarynyň birgideni, şol sanda Wengriýa, Serbiýa bu gaz merkezi boýunça gaz satyn almaga gyzyklanma bildirýärler.

Öň RF-iň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskow Moskwa bilen Ankaranyň Türkiýedäki gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam edýändiklerini habar beripdi. Peskow bu meseläniň çylşyrymlydygyny, wagt bilen bagly, tehniki we beýleki meseleleriň ýüze çykyp biljekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Peskow Putiniň kompýuterde oýun oýnaýandygyny görmändigini gürrüň berdi
Peskow Türkiye-Russiýa gatnaşyklary barada beýannama berdi
Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler
Mähirli gutlaglar
26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen halkynyň Milli Lideri türk Liderini 70 ýaş toýy bilen gutlady