Ärdogan täze ýolbaşçylary wezipä belledi

Ärdogan täze ýolbaşçylary wezipä belledi

Akif Çagataý Kylyç Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi wezipesine bellendi. Bu barada Rəsmi Qəzete neşirinde habar çap edildi diýip, Trend ýazýar. Öň Akif Çagataý Kylyç Beýik Millet Mejlisiniň daşary gatnaşyklar boýunça komissiýasynyň başlygy, ýaşlar, sport ministri, deputat bolup işledi.

Rejep Taýyp Ärdogan şeýle-de Ybragim Kalyny Türkiýäniň Milli razwedka gullugynyň başlygy wezipesine belledi. Kalyn bu wezipede Hakan Fidany çalyşdy. Kalyna ilçi derejesi berildi.

Hakan Fidan Türkiýäniň daşary işler ministri wezipesine bellendi, ol bu wezipede Mewlut Çawuşogluny çalyşdy.

Türkiýäniň wise-Prezidenti wezipesine Jewdet Ýylmaz bellendi, ol bu wezipede 159 gün işlän Fuat Ýylmazy çalyşdy diýip, Anadolu neşiri habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Sary Uýgur Türkçesi
Erdogan Sudanyň Premýer-ministri bilen duşuşygynda ýurdunyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny aýtdy
Prezident Erdogan Wenesuelanyň Prezidentiniň wekili Rodriges bilen duşuşdy
Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz iş sapary bilen Türkmenistana geler
Türk raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi