Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz iş sapary bilen Türkmenistana geler

Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz iş sapary bilen Türkmenistana geler

Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak hem-de birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirmek maksady bilen 3-nji iýunda iş sapary bilen Türkmenistana geler. Bu barada “Anadolu” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Saparyň dowamynda Jewdet Ýylmaz Aşgabatda geçiriljek Dünýä Türk Işewürler Geňeşiniň (DTIK) mejlisine gatnaşar. Şeýle hem onuň Türkmenistanyň döwlet Baştutany we hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Türkiýäniň Wise-prezidenti “Turkmentextile Expo 2026”halkara sergisine hem baryp görer.

Jewdet Ýylmazyň 4-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşygy hem meýilleşdirilýär. Şol gün taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisini geçirip, onuň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmeklerine garaşylýar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda durnukly ösüşi görkezýär. Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,2 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Taraplar bu görkezijini geljek ýyllarda 5 milliard dollara çenli artdyrmagy maksat edinýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Wise-prezidenti Türkmenistanda iş alyp barýan türk işewürleri bilen duşuşdy
Wise-prezident Ýylmaz: Türkiye global näbellilik döwründe maýa goýum gurşawyny güýçlendirýär
Wise-prezident Ýylmaz Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan bilen duşuşdy
Jewdet Ýylmaz: 1453-nji ýylyň 29-njy maýy öwrülişik nokadydyr
Türkiýäniň Wise-prezidenti, Söwda ministriniň orunbasary “Türkmentextile Expo 2026” sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi