Türkiýäniň Wise-prezidenti Türkmenistanda iş alyp barýan türk işewürleri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Wise-prezidenti Türkmenistanda iş alyp barýan türk işewürleri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde ýurtda iş alyp barýan türk işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy çarşenbe güni X sahypasynda habar berdi.

Duşuşyk Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan Aşgabatda guralan Dünýä Türk Işewürler Geňeşiniň (DTIK) mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Jewdet Ýylmaz 3-nji iýunda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak hem-de birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirmek üçin iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Saparyň dowamynda türk wekiliýeti Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň hem-de onuň maşgala agzalarynyň hatyrasyna gül desseleri goýulyp, olaryň ruhuna aýat-töwir okaldy.

Şeýle hem Jewdet Ýylmazyň saparyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet Baştutany we hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda durnukly ösüşi görkezýär. Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,2 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Taraplar bu görkezijini geljek ýyllarda 5 milliard dollara çenli artdyrmagy maksat edinýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz iş sapary bilen Türkmenistana geler
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi
Jewdet Ýylmaz, Somaliniň Goranmak ministrini kabul etdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Siriýada başdan geçirilen wakalar barada beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Kipr türklerine garşy edilen “Ganly Roždestwo” gyrgynçylygyny hatyralap geçdi