
Azyndan 20 ýurduň döwlet Baştutany hem-de ministrleriň 45-si Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar. Dabara 3-nji iýunda Ankarada bolar diýip, TASS habarlar gullugy habar berdi.
Dabaraly çärä Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Kataryň Emiri Şeýh Tamin bin Hamad Al Taniniň we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar.