AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr bilen Köpetdag garşydaşlaryny 17-nji ýanwarda biler

AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr bilen Köpetdag garşydaşlaryny 17-nji ýanwarda biler

Türkmenistanyň çempiony Altyn asyr bilen ýaryş tertibinde dördünji orny eýelän Köpetdag AFK-nyň kubogy ― 2022-niň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlaryny 17-nji ýanwarda biler. Şol gün yklym ýaryşynyň bije çekilişik dabarasy geçiriler.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy bu bije çekilişik üçin sebetleri kesgitledi. Geçen ýyl bolşy ýaly, biziň toparlarymyz ýene-de Merkezi sebitde ýaryşar. Bu sebitde iki toparça dörediler. Olaryň birinde dört, beýlekisinde üç wekil bolar. Sebitleýin final duşuşygy iki toparçanyň ýeňijisiniň arasynda geçiriler.

Sebetler, Merkezi sebit

1-nji sebet: Nasaf ýa-da Sogdiana (Özbegistan), Hujand (Täjigistan). Özbek toparlarynyň haýsynyň gatnaşjakdygy Nasafyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda gazanjak netijesine bagly.

2-nji sebet: Altyn asyr (Türkmenistan), Dordoý (Gyrgyzystan).

3-nji sebet: SSKA (Täjigistan), Köpetdag (Türkmenistan).

4-nji sebet: Neftçi (Gyrgyzystan).

Ýene degişli makalalar

7/24.tm AFK-nyň kubogy ― 2021-iň Merkezi sebitiniň toparçalaýyn duşuşyklarynyň mysaly ýygyndysyny düzdi
AFK-nyň kubogy ― 2022: Altyn asyr bilen Köpetdag garşydaşlaryny 17-nji ýanwarda biler
AFK-nyň kubogy ― 2022: Altyn asyr bilen Köpetdagyň garşydaşlary mälim boldy
AFK kubogy-2022-de Köpetdag Hujand hem-de Dordoý bilen duşuşar
AFK-nyň kubogy ― 2021: Köpetdagyň duşuşyklary Bişkek şäherinde geçiriler
Köpetdagyň AFK-nyň kubogyna gatnaşdyrjak futbolçylarynyň sanawy belli boldy