AFK-nyň kubogy ― 2022: Altyn asyr bilen Köpetdagyň garşydaşlary mälim boldy

AFK-nyň kubogy ― 2022: Altyn asyr bilen Köpetdagyň garşydaşlary mälim boldy

Şu gün Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyry üçin bijeler çekildi. Olarda bu ýaryşdaky wekillerimiz ― Altyn asyr hem-de Köpetdag futbol toparlary garşydaşlaryny bildiler.

Ýaryşa geçen ýyl girizilen üýtgeşmelere görä, Merkezi sebitden gatnaşýan toparlar iki toparçany emele getirýär. Olaryň birine dört, ikinjisine üç topar wekilçilik edýär.

Şeýlelikde, Merkezi sebitiň birinji, umumy ýaryşyň bolsa E toparçasyny ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony Altyn asyr, Özbegistanyň Nasaf (ýa-da Sogdiana), Täjigistanyň SSKA we Gyrgyzystanyň Neftçi toparlary emele getirdi.

Sebitdäki ikinji, umumy ýaryşdaky F toparçany bolsa ýurdumyzyň alty gezek çempiony Köpetdag we Gyrgyzystanyň Dordoý, Täjigistanyň Hujand toparlary düzdüler.

Her toparçada birinji orny eýelän topar ýaryşyň sebitleýin finalyna gatnaşar.

Geçen ýyl Merkezi sebitiň wekili ― Özbegistanyň Nasaf futbol toparynyň AFK-nyň kubogynda finala çenli baryp ýetendigini ýatladýarys. Şonuň üçin hem Konfederasiýa bu sebitiň duşuşyklaryna aýratyn uly ünsi gönükdirýär. Çünki soňky dört möwsümde iki topar bu ýaryşyň final duşuşygyna çenli baryp ýetdi.

Ýene degişli makalalar

'Arkadag' utmaly. Futbol 'janköýerleri' üçin taýýarlyk çäreleri geçirilýär
Aşgabatda 'Al Nasr' bilen öýnajak 'Arkadagyň' janköýerlerini taýýarlamak üçin maşklar dowam edýär
Aşgabatda 'Arkadag'-'Al-Nassr' futbol öýny geçer, Ronaldo Türkmenistana barmady
“Arkadag” futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynda “Al-Nassr” kluby bilen duşuşar
Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
Altyn asyr Aziýanyň Çempionlar ligasynyň duşuşygynda Eýr Fors toparyndan ýeňildi
'Arkadag' 'Al-Nassrdan' utuldy, 'janköýerler' çeken kösençligi barada gürrüň berdiler