Afrikanyň tebigy gaz gorynyň üçden biri Nigeriýada

Nigeriýanyň Nebit önümçiligini düzgünleşdiriji geňeşiniň başlygy Gbenga Komolafe Afrika yklymyndaky tebigy gaz gorunyň 33 göteriminiň öz ýurdundadygyny belledi. Ýurtda anyklanan gaz gorunyň 94 ýyla ýetip biljekdigi mälim edildi.

Maglumatlara görä, ýurt tebigy gaz gory babatda dünýäde dokuzynjy orunda durýar. Ýurduň 5 trillion kubmetr gaz gory bolup, Afrikada Alžirden soňra iň uly ikinji eksportçy hasaplanýar.Geçen ýyl ýurt Marokko-Nigeriýa tebigy gaz geçirijisini gurmak üçin Günbatar Afrika ýurtlary bilen ylalaşyk gazanypdy.

Bu barada Komolafe Halkara energiýa ykdysadyýeti maslahatynda eden çykyşynda maglumat berdi. Komolafe nebit we gaz ýaly ýerasty baýlyklaryň Nigeriýanyň energiýa howpsuzlygy babatda ähmiýetlidigine ünsi çekip, ýeterli derejede infrastruktura we maliýe serişdesi üpjün edilen ýagdaýynda, Saharanyň aşagyndaky Afrika ýurtlaryny gaz bilen üpjün edip biljekdigini belledi.

Häzirki wagtda Alžir we Nigeriýa ýaly tebigy gaz gorlaryna baý ýurtlar eksportyny artdyrmak üçin has köp maýa goýum goýýar. Nigeriýa golaýda suwuklandyrylan gaz eksportyny hem ýola goýdy.

Ýene degişli makalalar

Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy
6-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Nigeriýada 10 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Nigeriýada nebit geçiriji turba liniýasynda partlama boldy
Nigeriýada geçirilen operasiýada 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi