6-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy, Aşgabatda türkmenleriň milli lybaslarynyň moda sergileri geçiriler, Flydubai Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlary taýýarlar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, 4-nji ýanwarda Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmägeçagyrdy.

Iş saparynyň jemleýji gününde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy hem-de Flydubaikompaniýasynyň täjirçilik direktory bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistan bilen BAE-niň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky özara gyzyklanmasy netijesinde gazanylan aýry-aýry ylalaşyklar saparyň çäklerinde gol çekilen 5 sany resminamanyň esasyny düzdi.

2.Türkmenistanda 7 9-njy ýanwar aralygyndaAşgabadyň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi mynasybetli türkmen milli lybaslarynyň moda sergileri geçiriler. Çäreler Aşgabadyň Modalar öýünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň we şäher häkimliginiň goldaw bermeginde geçiriler.

Görkezişleriň çäklerinde türkmen milli öýmeleriniň, milli keteni matalarynyň we türkmen milli keşdesiniň, haly we haly önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyrylar.Dizaýn plýus döredijilik birleşiginiň agzalary hem öz önümleri bilen tanyşdyrarlar.

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilenFlydubai awiakompaniýasy uçarmanlary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýärler. Taraplaryň özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmekleri muny tassyklaýar. Ähtnama laýyklykda, Flydubai özüniň ygtyýarnama bermek boýunça okuw merkezinde türkmen uçarmanlary üçin Boeing 737 kysymly uçarda okuw hyzmatlaryny berer.

4.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça bilim almak isleýän ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri dowam edýär.

Türkmen ýigitleri we gyzlary maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş,pedagogika, oba hojalygy, inženerçilik işi hem-detebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça tölegsiz bilim alyp bilerler.SAT, TOEFL hem-de IELTS halkarasynaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärler okuwa kabul edilende artykmaçlykdan peýdalanyp bilerler.

Resminamalary kabul etmek işi 3-nji ýanwarda başlady we 10-njy ýanwarda tamamlanar.

Dünýäde

5. 6-njy ýanwarda Ermeni Apostol Ybadathanasy ýylyň esasy ybadathana baýramlarynyň biri bolan Roždestwo we Isus Hristosyň Çokundyrylan gününibelleýär.Ol Isus Hristosyň dünýä inmegine we Iordan derýasynda çokundyrylmagyna bagyşlanýar.

Ermeni hristianlary üçin bu iki waka biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, şonuň üçin olar bir günde bellenilýär.Baýramçylyk düýn, 5-nji ýanwardaÇragaluýs dessury bilen başlandy.Ol çyralaryň ýakylmagyny aňladýar.

Liturgiýadan (ybadatdan)soň, dindarlar ýakylan şemleri ylahy ýagtylygyň nyşany hökmünde öýlerine alyp gidýärler.

6. Nigeriýaly suratkeş iň uzak wagtlap surat çekmek boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Ol 100 sagatlapmolbertiň öňünde durdy, bu bolsa 2013-nji ýyldaky öňki rekorddan 40 sagat köpdür. Rekordy täzelemeküçin suratkeş abstraksiýa ýüz tutman, ozaldan bilinýän şekilleri döretmelidi. Dört günüň dowamynda Ahagotu meşhur adamlaryň, azyk önümleriniň, ösümlikleriň, haýwanlaryň we beýleki zatlaryň 106 sany suratyny çekdi.

Sport habarlary

7. ABŞ-nyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy finaloýnunda Şwesiýany 6:2 hasabynda ýeňip, ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Bu ABŞ-nyň milli ýygyndysy üçin ýaşlaryň arasyndadünýä çempionatynyň taryhynda altynjy ýeňiş boldy. Şwesiýanyň toparynda häzire çenli 12 sany kümüş medal bar. Şwesiýalylar iň soňky gezek 2012-nji ýylda çempion boldular.

8. Katarda futbol boýunça Aziýanyň kubogy 2023-iň baş baýragy görkezildi. Kubogy görmek we onuň öňünde surata düşmek üçin janköýerler uzyn hatarlara düzüldiler. Ýatlatsak, Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky 18-nji futbol ýaryşy 12-nji ýanwarda başlanýar.

Ýene degişli makalalar

Päk Nesil okuw merkezi ýazky kabul edilşikde arzanladyş yglan edýär
Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar kabul edilýär
Iş Nokady TOEFL, IELTS hem-de Duolingo dil testlerini tabşyrmaga taýýarlaýan okuwlary guraýar
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýada okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy
Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt uniwersitetleri, ýokary bilim we ýaşlar