Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Onuň dowamynda Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň şu ýylyň 6 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlendi.Mejlisiň dowamynda degişli wise-premýerleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi, 2023-nji ýylyň ýanwar- iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işlere anyk baha berildi.

Mundan başga-da, şu ýylyň ikinji ýarym ýyly üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutany 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap Türkmenistanda zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky Permana gol çekdi. Ýurtda zähmet hakynyň iň pes mukdary 1280 manada deň bolar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi. Şunuň birlikde ol ýolbaşçy düzümleriniň Awazada, Arçmanda we Ýylysuwda ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdiklerini belledi.

Döwlet Baştutany Karara gol çekip, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine bilim almak üçin kabul etmek maksatnamalaryny tassyklady. Kabul etmek çäreleri 17 30-njy iýul aralygynda geçiriler.

Hökümet mejlisinde 2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada hem aýdyldy. 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna Türkmenistanyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy. Ilatyň 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup durýar.

2. 18-nji iýulda sagat 7:00-dan 10:00-a çenli Aşgabatdaky Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi çagalar seýilgähinde saglyk festiwaly geçiriler.Festiwala gatnaşyjylary ýaş türgenler rolikde typyjy gyzlar, hokkeýçiler, gimnastikaçylar, welosipedçiler, futbolçylar we basketbolçylar garşy alarlar. Çäräniň maksatnamasy şowhunly bäsleşikleri, çagalar üçin ýoga sapaklaryny, welosipedli ýaryşlary, gaýykly estafeta ýaryşlaryny öz içine alýar.

Aýdymçy-sazandalaryň çykyşlary çäräniň baýramçylyk şowhunynyň üstüni ýetirer.

3.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işlerine gatnaşjak dalaşgärlerden resminamalary kabul edişlik dowam edýär.SAT, IELTS ýa-da TOEFL okuwlaryny tamamlandyklaryny tassyklan, şeýle hem halkara we döwlet olimpiadalaryna gatnaşan hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolan dalaşgärler resminamalar tabşyrylanda artykmaçlykdan peýdalanarlar.

Okuw, ýaşaýyş we iýmit üçin çykdajylaryň ählisiniň döwlet tarapyndan ýapylýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem dalaşgärlere talyp haky tölenýär.Resminamalaryň kabul edişligi 2023-nji ýylyň 20-nji iýulyna çenli dowam eder.

4. Türkmenistan awiakompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada gatnawlar üçin onlaýn petekleriň satuwynyň başlanýandygyny ýatladýar. Awiapetekleri Moskwadan, Kazandan, Deliden, Londondan, Pekinden we Frankfurtdan bronlamak mümkindir. Petekleri Türkmenistanyň içerki Altyn Asyr töleg ulgamyna birikdirilen bank kartlary arkaly onlaýn satyn almak mümkindir.

Dünýäde

5.Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletleriň syýahatçylyk ministrleriniň XI mejlisiniň dowamynda Özbegistanyň Hywa şäheri 2024-nji ýylda yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi.Geljek ýylyň mart aýynda Hywada Hywa byslam dünýäsiniň 2024-nji ýyldaky syýahatçylyk paýtagty atly halkara çäräniň resmi açylyş dabarasy bolar, şeýle hem şäherde Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletleriň syýahatçylyk ministrleriniň XII mejlisi geçiriler.

Mundan başga-da, şu ýylda we geljek ýylda Hywa şäheri Taste of Uzbekistan Festival gastronom festiwalyna gatnaşyjylaryny kabul eder hem-de bu ýerde Strongmen atly agyr atletika boýunça halkara ýaryş geçiriler.

6. Braziliýanyň merkezi bölegindäki Santa-Elina gowagynda işleýän arheologlar topary Günorta Amerika ilatyň göçüp gelmegi baradaky umumy kabul edilen teoriýa gabat gelmeýän tapyndylary ýüze çykardylar. Ýalta haýwanyň (leniwes) süňklerinden ýasalan şaý-sepleriň ýaşynyň 25 müňden 27 müňe çenli ýetýändigi kesgitlenildi. Munuň özi ilkidurmuş adamlarynyň Afrikadan Ýewraziýa, ondan soňra bolsa Günorta Amerika göçüp gelen döwürlerinden has irki eýýamlary aňladýar.

Sport habarlary

7. Ýüpek ýoly halkara rallisiniň sekizinji tapgyry ýaryşyň ähli günleriniň dowamynda iň uzak aralygy geçilen tapgyr boldy ekipažlar umumylykda 772 kilometr ýol geçdiler.T2 kysymly ýolsuz ýerlerde ýöreýän ulaglar sanawynyň liderleri ýene Podmoskowýe toparyndan Toyota LC 200 ulagyny dolandyrýan Anton Melnikow boldy.

Onuň yzyndan Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň birbada üç sürüjisi gelýär: Merdan Toýlyýew ýaryşyň liderinden üç sagat yza galyp, ikinji orunda barýar, üçünji orunda Maksatmyrat Daňatarow, dörünji ýerde Şamyrat Gurbanow barýar.

T2 sanawynyň ilkinji bäşligini Leonid Petrow jemleýär. Ýewraziýanyň iň iri ralli-reýd ýaryşynyň tamamlanmagyna bir gün galdy, öňde aýgytly kilometr bar.

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Ýaponiýada geçiriljek sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar. Ýaryşyň çäklerinde ýüzmek, sinhron ýüzmek, suwa bökmek, açyk suwda ýüzmek, suw polosy we haýdaýwing (çuňluga çümmek) boýunça medallar ugrunda bäsleşiler. Türkmenistanlylar açyk suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklere gatnaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Serhoş Aýazbabalar ýoly ýapdylar
Hindistanda çägeden we pomidordan Aýazbabanyň äpet heýkeli ýasaldy
Laplandiýa jahankeşdelere garaşýar
Roždestwo otlusy Kolumbiýanyň paýtagtyna bardy
Nýu-Ýorkda we Berlinde Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçirildi
Germaniýada Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşy geçdi