Hindistanda çägeden we pomidordan Aýazbabanyň äpet heýkeli ýasaldy

Hindistanda çägeden we pomidordan Aýazbabanyň äpet heýkeli ýasaldy

Hindistanly suratkeş we heýkeltaraş Sudarsan Pattnaik ýurduň gündogaryndaky Odiş ştatynyň Gopalpur şäherinde çägeden hem-de pomidordan Aýazbabanyň äpet heýkelini ýasady. Oňa boýy 8,2 metr we ini 18,2 metrlik heýkeli ýsamaga şägirtleriniň 15-si kömek etdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Pomidor Santa dünýäde Santa-Klausyň pomidordan we çägeden ýasalan iň uly şekilidir. Oňa Odişdäki Gopalpur suwa düşülýän kebarýakada pomidoryň 1,5 tonnasy sarp edildi. Bu heýkeliň boýy 8,2 metr, göwrümi 18,2 metre deň. Meniň şägirtlerim ony ýasamak üçin yhlas etdiler. Bagtly Roždestwo bilen! diýip, suratkeş sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.

Heýkeli görmäge gelýänler köp. Pattnaik öň hem şeýle heýkelleriň ençemesini ýasapdyr, olaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilipdir.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
Madridiň merkezinde müňlerçe Aýazbabalaryň ylgawy geçdi
Ekwadordaky ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy
DEAŞ-a Agza Terrorçy Stambulda Tussag Edildi