Laplandiýa jahankeşdelere garaşýar

Laplandiýa jahankeşdelere garaşýar

Santa-Klausyň watany hasaplanýan Laplandiýa Täze ýyl baýramy mynasybetli 63 müň adam geler diýlip garaşylýar. Geçen iki ýylda Finlýandiýanyň bu demirgazyk sebitinde baýramçylyk möwsümi pandemiýadan ejir çekdi. Indi ýerli jahankeşdelik pudagy ülkäniň ertekilerdäki gözel ýerlerini synlamak üçin köp sanly jahankeşdeleriň gelmegine garaşýar.

Munuň üçin täze howa gatnawlary ýola goýuldy, ýerli kurortlar bolsa, goşmaça otaglardyr ajaýyp ýerlere maýa goýýarlar.

Laplandiýada jahankeşdelere göwnaçyşlyklaryň birgideni garaşýar, olaryň arasynda sugunlara we haski itlere tirkelen sanýalarda gezelençler, buzda hokkeý oýnamak hem bar diýip, Habar 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Ekwadordaky ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy
DEAŞ-a Agza Terrorçy Stambulda Tussag Edildi
Ýangynda kül bolan Günorta Kaliforniýa güýçli ýel hem-de ýangyn howpy abanýar