Roždestwo otlusy Kolumbiýanyň paýtagtyna bardy

Roždestwo otlusy Kolumbiýanyň paýtagtyna bardy

Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherine Roždestwo otlusy geldi. Ol özi bilen hakyky baýramçylyk şatlygyny äkeldi diýip, Habar 24 ýazýar.

Ýagty yşyklar bilen bezelen otly diňe çagalaryň däl, ulularyň hem ünsüni çekdi. Onda islän adam syýahat edip bilýär, olara otlynyň içinde ertekileriň gahrymanlary garaşýar. Santa-Klaus bolsa ýolagçylary gutlap, sowgat paýlaýar.

Roždestwo otlusy tutuş dekabr aýynda hereket eder. Ol ýolagçylary Bogotadan ýurduň beýleki şäherlerine hem aýlar.

Ýene degişli makalalar

Serhoş Aýazbabalar ýoly ýapdylar
Hindistanda çägeden we pomidordan Aýazbabanyň äpet heýkeli ýasaldy
Nýu-Ýorkda we Berlinde Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçirildi
Saud Arabystanynda Roždestwo baýramyny bellemäge rugsat berildi
Kysmatyň oýny iň gowy daşary ýurt Roždestwo filmleriniň sanawyna girdi
Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl