Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýada okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýada okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr hem-de magistr maksatnamalary boýunça okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Bu işler häzirki wagtda hem guramaçylykly dowam edýär diýlip Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Rumyniýa döwletiniň ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar.

Üstümizdäki ýylda bu ýurt tarapyndan alty ugur, ýagny maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy hem-de oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar boýunça ýokary hünär bilimini almaga isleg bildirýänlere 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyp orunlary hödürlenilýär.

Bu maksatnamalar esasynda ýokary hünär okuwlaryna dalaşgärler SAT, TOEFL hem-de IELTS akademiki bahalandyryş synaglaryndan üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamalara mynasyp bolanlar, şeýle-de halkara olimpiadalara gatnaşyjylar we döwlet olimpiadalarynyň ýeňijileri artykmaçlyklardan peýdalanyp bilerler.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işleri 20-nji iýulda tamamlanar.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň mart aýynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda 2023-2024-nji okuw ýyly üçin medeniýet we sungat ugurlary boýunça Russiýa Federasiýasynyň ýokary hünär okuw mekdeplerine, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim Maksatnamalary boýunça seçip alyş synaglary üstünlikli geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Päk Nesil okuw merkezi tomus möwsüminde arzanladyş hödürleýär
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar
10.01.2018 | PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar
Päk Nesil okuw merkezi ýazky kabul edilşikde arzanladyş yglan edýär
Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt uniwersitetleri, ýokary bilim we ýaşlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Iş Nokady TOEFL, IELTS hem-de Duolingo dil testlerini tabşyrmaga taýýarlaýan okuwlary guraýar