Iş Nokady TOEFL, IELTS hem-de Duolingo dil testlerini tabşyrmaga taýýarlaýan okuwlary guraýar

Iş Nokady TOEFL, IELTS hem-de Duolingo dil testlerini tabşyrmaga taýýarlaýan okuwlary guraýar

Iş nokady hojalyk jemgyýeti soňlugy bilen TOEFL, IELTS hem-de Duolingo dil öwreniş test synaglaryny tabşyrmaga mümkinçilik berýän iňlis dili okuwlaryna çagyrýar.

TOEFL, IELTS we Duolingo synaglary halkara bilim jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilendir. Bu synaglaryň üstünlikli tabşyrylandygy baradaky şahadatnama eýe bolmak karýeraňy has ilerletmäge goşant goşýar we iňlis dilinde okadylýan abraýly daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine girmäge ýardam edýär.

Iş Nokady merkezinde okuwlar synaglaryň her bir görnüşiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup düzülendir. Sapaklar synaglaryň talaplary bilen tanyşmaga, esasy bölümlere düşünmäge we zerur bolan bilimleri hem-de başarnyklary kämilleşdirmäge kömek eder.

Sapaklarda her bir okuwçynyň güýçli taraplaryny has-da ösdürmek we pes taraplary boýunça işlemek bilen, özbaşdak çemeleşmegiň usulyýetinden peýdalanylýar.

Iş Nokadynyň okuwyny tamamlandan soň, isleg bildirýänler ylmy gözlegleri, akademiki mümkinçilikleri we ýokary hünärli mugallymlary bilen tanalýan, dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Kent State University ýokary okuw mekdebine girmäge mümkinçilik alýarlar.

Kent uniwersitetiniň birnäçe maksatnamasy (matematika, fizika, psihologiýa we pedagogika, şeýle hem saglygy goraýyş) U.S.News & World Report Best Graduate 2023 reýtinginiň iň gowy 100 sany ýokary okuw mekdebiniň sanawyna girdi.

Iş Nokady merkeziniň TOEFL, IELTS hem-de Duolingo testleriniň maksatnamasy boýunça okuwlaryna ýazylmak üçin şu salgylanmada arzany doldurmak zerurdyr.

Ýene degişli makalalar

Päk Nesil okuw merkezi ýazky kabul edilşikde arzanladyş yglan edýär
10.01.2018 | PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar
Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt uniwersitetleri, ýokary bilim we ýaşlar
6-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar