Päk Nesil okuw merkezi ýazky kabul edilşikde arzanladyş yglan edýär

Päk Nesil okuw merkezi ýazky kabul edilşikde arzanladyş yglan edýär

Bahar pasly — täze mümkinçilikleriň möwsümi! Päk Nesil okuw merkezi hem ýaz paslynda okuwa ýazylýanlar üçin arzanladyş yglan edilýändigini habar berýär. Biz tapawutly çemeleşýäris diýen şygar bilen hereket edýän okuw merkezine 26-njy fewrala çenli ýazylanlar arzanladyşdan peýdalanyp bilerler. Okuw merkezinde okuwyň töleglerini bölekleýin tölemek mümkinçiliginiň hem bardygyny ýatladýarys. Okuwlar 11-nji martda başlanýar.

Päk Nesilde okamak — çagalar we ýetginjekler üçin bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek ýa-da ýokarlandyrmak, gözýetimlerini giňeltmek hem-de synaglara taýýarlyk görmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Bilim merkezi aşakdaky ugurlar boýunça okuwlary hödürleýär:

Şeýle hem okuw merkezinde TOEFL, IELTS, SAT synaglaryna taýýarlamak işleri hem alnyp barylýar.

Okuw merkezinde sapaklar Oxford materiallary esasynda döwrebap usulyýetleri ulanmak arkaly alnyp barylýar. Tejribeli we işine ussat mugallymlar her bir okuwçynyň başarnyklaryny aýratynlykda çemeleşmek arkaly ösdürmäge çalyşýarlar.

Päk Nesil okuw merkezinde sapaklaryň meýilnamalary örän oňaýly tertipde düzülendir:

Irden: 9:00 - 11:35; Öýlän: 15:00 - 17:35; Agşam:18:30-21:00.

Päk Nesil okuw merkeziniň bölümleri Aşgabat şäheriniň birnäçe ýerinde hereket edýär. Isleg bildirýänler özüne laýyk gelýän ýerdäki degişli şahamçalara ýazylyp bilerler.

Okuw merkeziniň salgylary:

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 75 49 00, (+993 12) 47 20 20, (+993 12) 96 49 59.

Web saýty: www.päknesil.сom

Sosial media ulgamyndaky sahypasy. IMO: (+993 64) 37 79 99.

Ýene degişli makalalar

Päk Nesil okuw merkezi tomus möwsüminde arzanladyş hödürleýär
6-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar kabul edilýär
Iş Nokady TOEFL, IELTS hem-de Duolingo dil testlerini tabşyrmaga taýýarlaýan okuwlary guraýar
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýada okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy