Agaçdan ýasalan welosipedli syýahat

Agaçdan ýasalan welosipedli syýahat

Efiopiýaly Kidus Tesera birmeňzeş adaty durmuşdan gaçmak kararyna gelip, gaýtadan işlenilen materiallardan öz ýasan agaç welosipedinde Beýik Britaniýa boýunça adatdan daşary syýahata çykdy. Bu agaç tigir diňe bir ulag serişdesi däl-de, eýsem, döredijilikli çemeleşmäniň we erkinlige bolan ymtylyşyň nyşanyna öwrüldi.

Tesera mundan sekiz ýyl ozal Londonuň Imperiýa kollejinde okamak üçin Angliýa gelipdi, emma ol basym medeni aýratynlygyny ýitirýändigini we gündelik birsydyrgyn durmuşdan ýadandygyny duýdy. Özgerişligiň gözleginde ol zähmet rugsadyny alyp, Lids şäherindäki daýysynyň ýanyna geldi we özi satyn alyp, bejeren welosipedinde gezelenç edip başlady.

Agaçdan welosiped ýasamak pikiri “Hackspace” atly oýlap tapyjylaryň ussahanasynda döredi we Kidus ol ýerde öz nýetini amala aşyrmagy başardy.Onuň syýahaty Beýik Britaniýanyň iň demirgazyk nokady bolan Jon-o’Groutsdan başlap, ýurduň günortasyna çenli dowam etdi. Ýagyş, ýel we iýmit ýetmezçiligi ýaly kynçylyklara garamazdan, ýerli ilat oňa ýakyndan goldaw berdi.

Syýahat wagtynda Tesera jemgyýetçilik torlarynyň ünsüni çekdi we onuň wideolary uly meşhurlyk gazandy.Adamlaryň gyzyklanmasy netijesinde oňa düşlemek üçin ýer, iýmit we maliýe kömegi berildi.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri 2
Aşgabatdaky Koton Kids dükany tomusky egin-eşik toplumy üçin 30% arzanladyş yglan edýär
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär
Türkmenistanda mikroblara garşy derman serişdelerini mahabatlandyrmak gadagan edildi, Aşgabat we Tbilisi göni howa gatnawyny açmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler, gaz turbinalaryny abatlamak boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji merkez
Güýçli ýer titremesi Türkiýede we Siriýada 1300-den gowrak adamy öldürdi
Panjur Türkmenistan kompaniýasynyň ýörite WinBlock ulgamy çagalaryň aýnadan ýykylmagynyň öňüni almaklygy üpjün edýär