Türkmenistanda mikroblara garşy derman serişdelerini mahabatlandyrmak gadagan edildi, Aşgabat we Tbilisi göni howa gatnawyny açmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler, gaz turbinalaryny abatlamak boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji merkez

Türkmenistanda mikroblara garşy derman serişdelerini mahabatlandyrmak gadagan edildi, Aşgabat we Tbilisi göni howa gatnawyny açmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler, gaz turbinalaryny abatlamak boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji merkez

1. Türkmenistanda derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri işläp düzmegiň, öndürmegiň, taýýarlamagyň, saklamagyň, ýaýratmagyň, mahabatlandyrmagyň we ýok etmegiň umumy talaplary tassyklandy. Hususan-da, mikroblara garşy derman serişdelerini mahabatlandyrmak, medisina işgäriniň keşbinden peýdalanmak, şeýle hem meşhur adamlaryň pikirlerine salgynalyp dermanlary mahabatlandyrmak gadagan edildi.

2. Türkmenistan we Gruziýa göni howa gatnawyny açmak we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça ylalaşdylar. Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Garibaşwiliniň Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

3. Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi ulanylmaga berildi. Ol Türkmenistanyň elektrik beketlerinde we energetika ulgamynyň beýleki kärhanalarynda enjamlara hem-de tilsimatlara ýokary hilli, ösen tehnologiýalaryň esasynda hyzmat etmäge we abatlamaga mümkinçilik döreder.

4.Koton Kids dükanyna çagalar we ýetginjekler üçin täze egin-eşikler gelip gowuşdy.Koton Kids haryt nyşanly owadan, döwrebap we rahat geýimler tebigy matalardan taýýarlanandyr, olar birnäçe gezek ýuwulsalar-da, öz keşbini üýtgetmeýär we reňki solmaýar. 2 ýaşdan başlap, ähli ýaşdaky çagalar üçin tomusky egin-eşik toplumyndan özüňize ýaranlaryny haryt nyşanynyň Aşgabatdaky Berkarar söwda merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşýän resmi dükanyndan satyn alyp bilersiňiz.

5. Rim şäherine syýahaty Watikana, onuň muzeýlerine we Pýotryň Soboryna (Ybadathanasyna) baryp görmezden göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu ýerde geçmişiň beýik ussatlarynyň naýbaşy eserleri, gadymy golýazmalar, heýkeller we köp sanly sungat eserleri saklanýar.

6. Türkmenistanda benzin, kükürtsiz dizel fraksiýasy we suwuklandyrylan gaz saklamak üçin ätiýaçlyk toplum gurlar. Ol Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň çäginde ýerleşer. 7. Täze iPhone 14 smartfonynda SIM-kart üçin ýörite bölüm bolmaz. Apple Ýewropada we Aziýada uly meşhurlyk gazanýan wirtual eSIM ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär. eSIM ulanyjylara aragatnaşyk operatorlaryny ýeňillik bilen üýtgedip, has amatly tarifi saýlamaga mümkinçilik berýär.

8. Britaniýaly alymlar şokolad süýjüleriniň gabynda edil çilimdäki ýaly semizlik, rak ýa-da ýürek keselleriniň döremek howpy barada duýduryş maksatly suratlary ýerleşdirmegi teklip edýärler. Bu usulyň täsirlidigi Kembrij uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde tassyklandy.

9. Paulo Dibala Italiýanyň Roma toparynyň düzümine geçdi. Argentinaly futbolçy jallorossileriň hatarynda erkin agentiň hukugy esasynda Ýuwentus bilen şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagy boýunça geçdi. Roma bilen 28 ýaşly Dibalanyň zähmet şertnamasy 3 ýyla niýetlenendir. Täze toparda ol 21-lik belgi bilen çykyş eder.

10.Duşanbede 8-20-nji iýul aralygynda geçirilen Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionat tamamlandy.Oňa Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň zenanlar ýygyndylary gatnaşdylar. Özbegistanly zenan futbolçylar çempionatyň ýeňijileri bolmagy başardylar.

Bäşinji tapgyr duşuşygynda olar Eýrandan 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Özbegistanyň zenanlar ýygyndysy ähli duşuşyklarda ýeňiş gazanmak bilen 12 utuk toplady, şol bir wagtyň özünde öz derwezesine ýekeje gol hem geçirtmedi.

Ýene degişli makalalar

Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular
Mardinde 12 Müň Ýyllyk Ybadatahana Tapyldy
Meksikada Diego Maradonanyň hormatyna ybadathana açyldy
Äpet heýkele örtük dakyldy
Eýranda 7 müň ýaşly ybadathana tapyldy
“Aksa Metjidi Bilen Birlikde Ähli Ybadathanalara Sarpa Goýulmagy Üçin Çagyryş Berýärin”