Agajy 72 sagat gujaklap rekord goýdy

Agajy 72 sagat gujaklap rekord goýdy

Keniýaly ekologiýa aktiwisti Trupena Mutoni 72 sagatlap agajyň sütünini dyngysyz gujaklap durup, Ginnesiň täze rekordyny goýdy.

Täze rekord 22 ýaşly ganaly aktiwist Frederik Boakýe tarapyndan goýlan öňki rekorddan (50 sagat 2 minut 28 sekunt) has öňe geçdi.

Mutoniniň mundan öň hem şuňa meňzeş rekorda eýe bolupdy: 2025-nji ýylyň fewralynda ol 48 sagatlap agaç bilen galtaşykda bolupdy. Onuň aýtmagyna görä, birinji synanyşyk ynsanyň tebigat bilen arabaglanyşygyny ýatladýan simwolik yşarat bolan bolsa, ikinjisi durnukly we uzak möhletleýin klimat hereketleriniň zerurdygy baradaky ynamly beýanatdyr.

– Dünýä diňe bir nyşanlara däl, eýsem durnuklylyga, tutanýerlilige we tebigaty goramagyň hemişelik borçdugyny görkezýän hakyky subutnamalara mätäç – diýip, Mutoni aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Daşary İşler Ministri Mewlüt Çawuşogly Zimbabwede Saparda Bolýar
Türkmenistanly dzýudoçy Portugaliýa Gran-prisinde ilkinji bäşlige düşdi
Ukrainanyň Prezidenti Galla ylalaşygy bilen bagly beýannama berdi
ÝL 1/16 final: Ýunaýted we Ýuwentus indiki tapgyrda, Barselona ýaryşdan çykdy
Mozambikde birnäçe gün bäri çabga ýagýar
Güýçli suw süýşgüni Malawiniň günortasyndaky obany syryp-süpürdi