ÝL 1/16 final: Ýunaýted we Ýuwentus indiki tapgyrda, Barselona ýaryşdan çykdy

ÝL 1/16 final: Ýunaýted we Ýuwentus indiki tapgyrda, Barselona ýaryşdan çykdy

Ýewropa ligasynyň 1/16 final tapgyrynyň jogap oýnunda Mançester Ýunaýted öz öýünde Barselonany ýeňip, indiki tapgyra öz adyny ýazdyrdy.

Oýnuň 18-nji minutynda Robert Lewandowski penaltini dürs ýerine ýetirip, toparyny hasapda öňe çykardy. Ikinji bölümiň başynda Fred hasaby deňledi. 73-nji minutda bolsa Antoni ýer eýelerine ýeňiş getiren topy derwezä ýollady. Şeýlelikde, Mançester Ýunaýted indiki tapgyra ýollanma aldy. Ýeri gelende bellesek, Kamp Nou stadionynda geçirilen deslapky oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy.

Ýaryşyň 1/6 finalynyň jogap oýunlarynyň esasy netijeleri hökmünde Ýuwentusyň myhmançylykda Nanty 3:0, Romanyň öz öýünde Zalsburgy 2:0, Baýeriň myhmançylykda Monakony 3:2 (penaltiler boýunça 3:5), Unionyň öz öýünde Aýaksy 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 1/8 final ýollanmasyny gazanandygyny görkezmek bolar.

ÝL-iň 1/16 final tapgyrynyň jogap oýunlarynyň netijeleri:

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna bije çekmek dabarasy şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

16-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanly dzýudoçy Portugaliýa Gran-prisinde ilkinji bäşlige düşdi
Daşary İşler Ministri Mewlüt Çawuşogly Zimbabwede Saparda Bolýar
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Zimbabwä Bardy
Dünýäniň iň güýçli ýel turbinasy synagdan geçirilýär
Agry dagy