Agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy

Agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy

V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlarynda 49 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa bürünç medallaryň üçüsini gazandy.

Ýulduz silterläp 74 kg, ştangany itekläp galdyrmakda bolsa 93 kg agyrlygy götermegiň hötdesinden gelip, bu görnüşleriň ikisinden hem kiçi bürünç medallara eýe boldy. Onuň 167 kilograma barabar bolan umumy netijesi hem bürünç medal bilen bellenildi.

Şeýlelikde, Daşoguz welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ýulduz Jumabaýewa türkmen wekiliýetine V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň ilkinji medallaryny getirdi.

Ýene degişli makalalar

Hytaý agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmekden ýüz öwürdi
Ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda Ýulduz Jumabaýewanyň rekordlary täzelenmedi
Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna gatnaşjak türkmenistanly türgenler belli boldy
MNG Airlines kompaniýasynyň uçary tehniki maksatlar üçin Türkmenabadyň howa menziline gondy, Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenildi, türkmen türgenleri Yslam raýdaşlygy oýunlarynda medallara mynasyp boldular
Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy
Ildeşimiz Aziýanyň wise-çempiony boldy