Ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda Ýulduz Jumabaýewanyň rekordlary täzelenmedi

Ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda Ýulduz Jumabaýewanyň rekordlary täzelenmedi

Gresiýanyň Heraklion şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýaryşlaryna düýn badalga berildi. 45 kilograma çenli agram derejesinde zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda türkmenistanly agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylda Aşgabatda goýan dünýä rekordlary ýene-de täzelenmedi ― diýip, Türkmensport ýazýar.

Ildeşimiz türkmen paýtagtynda geçirilen dünýä çempionatynda ştangany itekläp götermekde 104, iki görnüşiň jemi boýunça 179 kilogram agyrlygy eýgerip, dünýä rekordlarynyň ikisini goýupdy.

Düýnki ýaryşda türkiýeli türgen Jansu Bektaş itekläp götermekde 85 kilogram agyrlygy eýgerdi. Iki görnüşiň jemi boýunça hindistanly Şarad Garud Harşada 153 kilogram agyrlyga ýetip bildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanly agyr atletikaçylar dünýä çempionatlarynda "uly" we "kiçi" medallaryň näçesini gazandylar?
Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Hytaý agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmekden ýüz öwürdi
Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna gatnaşjak türkmenistanly türgenler belli boldy
Agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy