Agyz suwunyň täze gözbaşlary açyldy

Türkmenistanyň ýerasty suw gorlaryny ulanyş kartasynda täze gözbaşlaryň birnäçesi peýda boldy. Ýurdumyzyň suw hojalygynyň hünärmenleri bu açyşa suw serişdeleriniň goşmaça möçberini almak boýunça işiň möhüm bölegi hökmünde baha berýärler. Ýagny Türkmenistanda gidrogeologiýa şertleri çylşyrymlydyr we geologiik gurluşa hem-de fiziki-geografik ýagdaýa baglydyr. Ýurduň meýdanynyň üçden iki böleginden derýa akmaýar. Ýerasty süýji suwlar çäkli ýere ýaýran.

Adatça olar ýagyn-ygallaryň hasabyna Köpetdagda, Uly Balkanda we Köýtendagda, Amyderýa, Murgap, Tejen derýalarynyň we Köpetdagyň Çendir, Sumbar, Arçabil, Altyýap, Sekizýap we beýlekii derýajyklaryň hanasynyň daşmagyndan jülgelerde döreýän ýerasty suwlardyr.

Türkmengeologiýa Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz ekspedisiýasynyň gidrogeologlary şu ýyl geçirilen barlaglarda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky Üçkepderi meýdançasynda we Gubadag etrabynyň Dostluk meýdançasynda ýerasty süýji agyz suwunyň gorlarynyň üstüni açdylar.

Türkmengeologiýa Döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiýa bölüminiň hünärmenleriniň pikirine görä, täze Çоpanýap we Çagatýap suwly ýataklary golaýyndaky Şarlawuk, Dostluk, Ak altyn, Bäşdaş, Agzybirlik we Gumly obalaryny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder.

Köpetdagyň we Balkanyň günorta eňňidiniň dag etek düzlüklerinde düýpli çökündileriniň ýerasty akymdan kemala gelýän süýji suw gorlary barada çaklama hem tassyklanyldy.Balkanabadyň gidrogeologiýa ekspedisiýasy Serdar etrabyndaky Çukur ýatagynda ýerasty süýji suw goruny ýüze çykaryldy.

Täze çeşme Hojagala, Çukur, Bendesen, Ajydere ýaly iri obalary suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.Magtymguly etrabyndaky Arçaly ýatagynda geçirilen barlaglar agyz suw gorlaryny ýüze çykardy, olary Çukur ýurt, Könekesir, Daýna obalarynyň ilatyny suw bilen üpjün etmekde ulansa bolar.

Ýene degişli makalalar

Agyz suwunyň täze gözbaşlary açyldy
Türkmen geologlary täze agyz suw ýataklaryny tapdylar
Ahalyň, Balkanyň obalaryny sil aldy
Türkmenistan: Siliň netijesinde onlarça adam öldi
“Azatlyk” radiosy awgustda gelen siliň wideosyny çap etdi
Obalara gelen sil hakynda dymylyp, Aşgabada gelmedik sile sowalga gurulýar