“Agzyna gum giren” G.Berdimuhamedow Marydan gidensoň, sebitde ýowar geçirilip başlandy

“Agzyna gum giren” G.Berdimuhamedow Marydan gidensoň, sebitde ýowar geçirilip başlandy

Türkmenistanyň öňki prezidenti, häzir Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara eden saparyndan soň, sebitde güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilip başlandy. Býujetçiler bu işlere badalga berilmeginiň, öňki prezidentiň Mara eden saparynyň dowamynda onuň agzyna gum bölejikleriniň girmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-ni ýanwarda sebitden maglumat berdi.

“Arassaçylyk işgärlerinden başga-da, ähli edara-kärhanalaryň, şol sanda bilim işgärleri köpçülikleýin ýowara çekilýärler. Her güni köçeler suwlanyp ýuwulýar, süpürilýär. Arçalar hem suw sepilip ýuwulýar. Binalaryň penjireleri, diwarlary ýuwulýar” diýip, maryly býujet işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, arassaçylyk işleriniň alnyp barylşyna welaýat, şäher we etrap häkimleriniň hut özleri gözegçilik edýär.

Ýowaryň geçirilmeginiň sebäpleri barada ilat köpçüligine aç-açan resmi düşündiriş berilmeýär.

Ýöne býujet işgärleriniň ençemesi Mary şäher häkimliginiň wekillerine salgylanyp, bu çärelere badalga berilmegine, öňki prezident Mara gelip gürlände, onuň agzyna gum bölejikleriniň girmeginiň sebäp bolandygyny aýdýar.

“Häkimligiň wekilleri ýowaryň öňüsyrasynda býujet işgärleri bilen geçiren gysga ýygnagynda G.Berdimuhamedowyň agzyna giren gum bölejikleriniň dişiniň arasyna gidip, dişlerini gyjyrdadandygyny hem aýtdy.Olaryň sözlerine görä, şondan soňra öňki prezident daş-töwerege göz aýlanda, ähli ýerini gum basyp durandygyny görüpdir we welaýat häkimine sebitde arassaçylyk işleriniň göwnejaý geçirilmändigine ünsi çekipdir. Şeýle-de, ol häkime welaýaty gaty hapa saklaýandygyny hem aýdyp, tiz wagtda arassaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrypdyr we oňa käýinç yglan edipdir” diýip, býujet işgäri gürrüň berdi.

Bellesek, ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde bu aýdylan ýagdaýlar, şol sanda Marynyň häkimine käýinç yglan edilendigi barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

Azatlygyň bu barada welaýat we şäher häkimliklerinden telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne bu waka, soňky ýyllarda, hususan-da, soňky aýlarda Maryda tozanly ýeliň ýygy-ýygydan gaýtalanýan we munuň bilen bagly, sebitde gum bölejiklerini öz içine alýan tozanly howanyň saklanyp galýan mahalyna gabat geldi. Sebitde şuňa meňzeş tebigy hadysa soňky gezek 9-njy ýanwarda bolupdy.

Habarçylarymyz tozanly howa zerarly köçeleri, binalary, ulaglary, ýollaryň ugrundaky arçalary gum, tozan basýandygyny habar berip gelýärler. Şeýle-de, olar häkimiýetleriň bularyň arassaçylygyny üpjün etmekde kynçylyk çekýändigini hem aýdýarlar.

Bu aralykda, öňki prezidentiň aýdandygy aýdylýan sözler sebit ýaşaýjylarynyň we býujet işgärleriniň özaralarynda nägileliklerini beýan etmegine getirdi.

“Biz we çagalarymyz ençeme aý bäri tozanly howadan dem alyp, öýkenimizi tozanlatdyk. Entegem öňki prezidentiň gelen güni howa arassady. Ol häkime käýinç bermegiň deregine, tozanly howa we onuň näme üçin bolýandygyny, onuň adamlara ýetirýän zyýanyny anyklamaly. Şeýle-de, tozanly günlerde adamlara başardygyndan öýlerinden çykmazlyk, ýüz maskalaryny dakynmaklyk barada duýduryş berilmeli” diýip, maryly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu maglumat, Lebapda G.Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan saparynyň öň ýanynda, tozanly howa zerarly gum basan ýollaryň we arçalaryň ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen, suw sepilip ýuwulýan mahalyna gabat geldi.

Halk Maslahatynyň başlygy 12-nji ýanwarda Mara iş saparyny amala aşyrdy. Resmi media onuň metjitde doga-dileg eden pursatlaryny görkezdi, ýöne ýokarda aýdylanlar barada habar bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda arassaçylyk işleriniň depgini has-da güýçlendirildi
Lebabyň häkimiýetleri ilaty agyz beklemäge, Arkadagdan görelde almaga’ çagyrýar
Lebap G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
Maryda dowam edýän ýowar arassaçylyk işgärlerini surnukdyrýar
Uly Berdimuhamedowyň Mara sapary: Ýollar ýapyldy, ýetişen pagta hasyly zaýa edildi
Aşgabatda hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri geçirmedik raýatlara zerur resminamalar berilmeýär​​​​​​​