Lebap G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar

Lebap G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar

Lebapda häkimiýetler Türkmenabat-Mary awtobanynyň gurluşygyna badalga bermäge taýýarlanýarlar. Sebitde güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Resmi media bu taýýarlyklar we onuň sebäpleri barada habar bermeýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu çäreleriň öňki prezidentiň, häzir Halk Maslahatynyň başlygynyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Bu aralykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara eden saparyndan soň, telekeçileriň we býujet işgärleriniň hasabyna baş metjitde sadaka berildi.

“Türkmenabat-Mary awtobanynyň takmynan 50-nji kilometrine çenli aralygynda işleriň 75 göterimi tamamlandy. Türkmenabatdan 50 kilometr Mara tarap asfalt düşeldi. Şu bölekde awtobanyň gurluşygyna ak pata beriljekdigi aýdylýar we munuň bilen bagly taýýarlyk, şol sanda arassaçylyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar” diýip, Lebapdaky habarçymyz 16-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Bu ýerdäki arassaçylyk işleri esasan Türkmenabadyň edara-kärhanalarynyň işgärleri tarapyndan amal edilýär. Olar Mary-Türkmenabat awtobanynyň iki tarapyndan ýöräp geçip, sürüjiler tarapyndan zyňylan boklaşkalary, kagyzlary we beýleki zibilleri elleri bilen toplap alýarlar.

“Bu işlere gatnaşmakdan boýun gaçyranlara adatdakysy ýaly işden kowulmak haýbaty atylýar” diýip, lebaply býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Mundan başga-da, awtobanyň ugrundaky jaýlaryň, öýleriň we haýatlaryň ählisi ak hek bilen boýalýar.

“Arassaçylyk gullugynyň işgärleri yşyklandyryş çyralarynyň sütünlerini ýörite tehnika münüp, elleri esgili ýuwýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenabadyň aeroportundan gaýdýan, 8 kilometre çenli uzap gidýän asfalt ýol we onuň ugrundaky arçalar ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen ýuwulýar.

“Sebitde oktýabryň ikinji ongünlüginden ýanwaryň 16-ne çenli aralykda, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, 10 göterim hem ýagyş ýagmady. Ýöne tozanly howa her iki günde bir gezek diýen ýaly wagtal-wagtal gaýtalanyp durdy.

Tozanly howa we ýeller şäherdäki bar arçalary çägede, gumdan doly örtdi.Häzir bu arçalar we asfalt ýollar uly çelekli suw basyş pompalary bolan ýörite ulaglar bilen ýuwulýar.Arassaçylyk işgärleri olardan ýere gaçan çöp-çalamy we asfaltda galan suwy elleri bilen süpürip aýyrýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Bu taýýarlyklar we onuň sebäpleri barada ýerli häkimiýetler tarapyndan hiç hili maglumat berilmeýär. Azatlyk bu barada Lebabyň häkimliginden kommentariý hem alyp bilmedi.

Ýöne habarçylarymyz býujet işgärlerine salgylanyp, bu çäreleriň Halk Maslahatynyň başlygy G.Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“G.Berdimuhamedowyň 20-25-nji ýanwar aralygynda Lebaba iş saparyny amala aşyrmagyna garaşylýar. Onuň bu saparynyň çäginde Türkmenabat-Mary awtobanynyň gurluşygyna badalga berjekdigi aýdylýar” diýip, býujet işgäri aýtdy.

Häkimiýetler we resmi metbugat ýurt ýolbaşçylarynyň welaýatlara edýän saparlary barada öňünden habar bermeýärler. Şol sebäpli saparyň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Ýöne G.Berdimuhamedowyň 12-nji ýanwarda Mara eden we resmi taýdan öňünden yglan edilmedik sapary hem-de oňa görülýän taýýarlyklar barada hem Azatlygyň habarçylary bir gün öňünden maglumat beripdiler.

Bu aralykda, Marydaky habarçylarymyz G.Berdimuhamedowyň sebite eden şol saparyndan soň, telekeçileriň we býujet işgärleriniň hasabyna baş metjitde sadaka berlendigini habar berýärler.

“Sadakany gurnamak barada telekeçilere we edara başlyklaryna buýruk berildi.Telekeçileriň köpüsi sadaka üçin puly razylyk bilen bermeýär.Edara ýolbaşçylary öz jübüsinden pul çykarman, býujet işgärleriniň her birinden sadaka üçin 10 manat ýygnadylar.

Olaryň köpüsi hem närazy berdiler. Üstesine-de, bu sadaka ajy doýurmak üçin däl-de, göz üçin berildi.Sebäbi oňa diňe pully adamlar, has dogrusy MHM-niň barlagyndan geçenler gatnaşdyryldy” diýip, maryly býujet işgäri gürrüň berdi.

Azatlyk bu barada Marynyň häkimiýetlerinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleriniň býujet işgärleriniň we telekeçileriň hasabyna sadaka berendigi barada Azatlygyň habarçylary mundan ozal hem eneçeme gezek maglumat beripdiler.

Mary welaýatynyň üstünden geçýän Aşgabat-Türkmenabat awtoulag ýolunyň we degişli infrastruktura desgalarynyň gurluşygy üçin 2019-njy ýylda 2,3 milliard amerikan dollary bölünip berildi. Türkmen döwlet habar gullugynyň (TDH) maglumatyna görä, proýektiň Mary-Türkmenabat böleginiň 2023-nji ýylyň dekabrynda taýýar bolmagyna garşylýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

G.Berdimuhamedowyň Mara eden sapary müňlerçe adamyň hereketini çäklendirdi
G.Berdimuhamedowyň Mara eden sapary müňlerçe adamyň hereketini çäklendirdi
Türkmenabadyň “ünsden düşürilýän” köçelerinde çukurlar köpelýär
Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi
Lebapda bir aýlap Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyk görülýär
Lebapda hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirilýär, ilata köpçülikleýin sanjym edilýär