Aşgabatda, Maryda un gytalýar we gymmatlaýar

Aşgabatda, Maryda un gytalýar we gymmatlaýar

Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde we Mary welaýatynda ýurduň içinde we daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli unlaryň gytçylygynyň emele gelendigi hem-de munuň bilen bir wagtda unuň bahasynyň gymmatlamagynyň dowam edýändigi habar berilýär.

Häzirki wagt paýtagtyň döwlete degişli dükanlarynyň tas ählisinde diýen ýaly, şol sanda “Türkmenbakaleýa” degişli Parahat-1 etrapçasyndaky 3-nji, Parahat-2/2 we Parahat-2/3 etrapçalarynyň serhetleşýän ýerindäki 79-njy dükanlarda we Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrundaky “Sumbar” söwda nokadynyň golaýyndaky dükanda daşary ýurtlarda öndürilen unlar satylmaýar. Şol bir wagtda, ýurduň içinde öndürilen ýokary hilli unlaryň hem gytalandygy aýdylýar.

“Ýurduň özünde ýa-da daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli uny satyn almak üçin indi üç gün bäri dükana gatnaýaryn. Ýöne her gezeginde ertir ýa-da iki-üç günden gelse gerek diýip, yzyma ugradýarlar. Ýurtda öndürilen pes ýa-da orta hilli una ýokary hilli uny goşmasaň, onuň diňe özünden çörek ýa-da beýleki naharlar üçin hamyr taýýarlap bolanok” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran paýtagtdaky 79-njy dükanyň golaýynda ýaşaýan ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Gazagystanda ýa-da Russiýada öndürilen unlar hususy eýeçilikdäki dükanlaryň hem köpüsinde tapdyrmaýar. Munuň bilen bir wagtda, hususy dükanlarda daşary ýurtda öndürilen ýokary hilli unlaryň bahasy hem barha gymmatlaýar.

“Mundan bir aý çemesi ozal hususy dükanlarda Gazagystanda öndürilen ýokary hilli unuň 1 kilogramy 1 manat 60 1 manat 80 teňňeden satylan bolsa, häzir 3 manat 3 manat 20 teňňeden satylýar.

Döwlet dükanlarynda ikinji sort diýilýän unuň 1 kilogramy öň 90 teňňeden satylan bolsa, indi 1 manat 20 teňňeden satylýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran Aşgabatda ýaşaýan synçy gürrüň berdi.

Un gytçylygynyň ýurduň Mary welaýatynda hem duýulýandygy, şu günler Mary-Türkmenabat aralygynda kireýine ýolagçy gatnadýan hususy taksileriň bir ugruna müşderileri alyp gitse, Mara gidende halta-halta un alyp gidýändigi aýdylýar.

“Hususy taksiler Lebapdan Mara gidenlerinde, öz ulaglaryny dolduryp un alyp gidýärler. Lebapda häzirlikçe un gytçylygy ýok. Ýöne Maryda ýagdaý başga, men ýakynda Mara gidenimde, dükanlarda unuň ýokdugyny gördüm. Adamlar dükanlaryň ählisinde diýen ýaly unuň ýokdugyny gürrüň berdiler” diýip, Azatlygyň ýurt içindäki ýene bir çeşmesi gürrüň berdi.

Aşgabadyň käbir döwlet eýeçiligindäki dükanlarynyň jogapkär işgärleri ýokary hilli unuň ýoklugynyň sebäbini olary satyn alýan adamlaryň sanynyň köplügi bilen düşündirýärler. “Bize uny çäkli möçberde satmaly diýen tabşyryk ýok. Şonuň üçin un gelen wagty adamlara satýarys. Un gutarsa biz näme edeli?” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran dükan resmisi aýtdy.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Köpetdag etrap häkimliginiň Söwda bölümi bilen habarlaşanda, bu edaranyň efirde adynyň agzalmazlygyny soran resmisi “biz öňki mukdardaky uny satuwa goýberýäris. Ýöne halk uny köp satyn alýan bolsa, onda olaryň islegini öwrenip, geljekde satuwa çykarylýan unuň möçberini köpelderis” diýip jogap berdi.

Ýatlap geçsek, soňky bir ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda un, şeker we ösümlik ýagy ýaly harytlaryň gymmatlamagy we olaryň söwda tekjelerinden wagtal-wagtal ýitirim bolmagy dowam edýär. Munuň bilen bir wagtda, käbir ýaşaýjylaryň bu harytlary uly göwrümde haltalap satyn alyp goýýandygy barada hem habarlar gelip gowşupdy.

Ýene degişli makalalar

Lebap G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
Boldumsazda bolan ýol hadysasynda dört adam öldi
Türkmenabadyň “ünsden düşürilýän” köçelerinde çukurlar köpelýär
Türkmenabatda awtobanyň gurluşygyna çagyl daşaýan wagonlar agdy
Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi
Lebapda bir aýlap Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyk görülýär
Lebapda hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirilýär, ilata köpçülikleýin sanjym edilýär