Boldumsazda bolan ýol hadysasynda dört adam öldi

Boldumsazda bolan ýol hadysasynda dört adam öldi

8-nji ýanwar güni ir sagat 9:00 töwereklerinde Daşoguz Boldumsaz gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda dört adam heläk boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň gözegçilerine salgylanyp, 10-njy ýanwarda maglumat berdi.

Polisiýanyň uly seržantynyň sözlerine görä, ýokary tizlikde barýan ulagyň tekeriniň ýarylmagy ýol hadysasyna sebäp bolýar. Ulag ýoldan çykyp, agdarylýar we iki gezek togalanýar. Ýol hadysasyna uçran ýeňil awtoulagyň benzin bakynyň ýarylmagy netijesinde, partlama bolýar. Ulagda sürüji bilen bilelikde bäş adam bar ekeni. Olaryň biri partlamadan öň, ulagdan çykyp ýetişýär, dört adam wakanyň bolan ýerinde heläk bolýar.

Ýol-ulag hadysasynda başga ulaglara zeper ýetmändir. Deslapky barlaglar bu hadysa awtoulagyň ýokary tizlikde dolandyrylmagynyň sebäp bolandygyny anyklady. Gara ýoluň hiliniň erbet bolmagy, ýollarda emele gelen çukurlar we ýamalar hem ulag hadysasynyň ýüze çykmagyna goşant goşupdyr.

Azatlyk Radiosy Boldumsazda bolan ýol-ulag hadysasy boýunça etrap resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürleşýän ýerli ýaşaýjylar, awtoulag sürüjileri soňky wagtlarda sebitde ýüze çykýan ulag partlamalaryny sorag astyna alýarlar. Olar soňky bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda hasaba alnan azyndan üç sany ulag partlamasyny ýangyç beketlerinde awtoulaglara guýulýan benziniň hili bilen ilteşdirýärler.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, dekabr aýynda demirgazyk Gubadag şäherinde park edilen iki sany ýeňil awtoulagda ýangyn çykyp, ulaglarda partlama bolupdyr. “Maşynlar doly ýanyp gitdi. Adam pidasy bolmady” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

2022-nji ýylyň noýabr aýynda Gubadag etraby ýatyrylyp, onuň çägi Boldumsaz etrabyna berkidildi.

Azatlygyň habarçylary demirgazyk welaýatda soňky sapar noýabryň başlarynda bolup geçen ölüm-ýitimli ýol hadysasy barada habar berdiler. Şonda Şabat etrabynda bir gelnalyjy kerweni ýol heläkçiligine uçrap, bu hadysada ýedi sany ýaş ýigit heläk boldy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary 2023-nji ýylyň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde bolup geçen ýol-ulag hadysalary barada yzygiderli habar berdiler.

Ýylyň dowamynda diňe Azatlygyň habar beren 20-ä golaý ýol hadysasynda azyndan 60 çemesi adam, şol sanda aýallar we çagalar heläk boldy, onlarça adam şikeslendi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurduň çäginde hasaba alynýan ulag hadysalary we olaryň ýol açýan netijeleri barada hasabat bermeýär. Içeri işler edaralary ýol-ulag hadysalary boýunça statistiki maglumatlary çap etmeýär.

Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň çäginde adam pidalaryna getirýän ölüm-ýitimli ulag heläkçilikleri barada asla maglumat bermeýär.

Köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmezligi, şol sanda ulaglaryň ýokary tizlikde dolandyrylmagy, sürüjileriň ünssüzligi, hüşgärligi elden bermegi, awtoulagyň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagy, galyberse-de ýurduň gara ýollarynyň ýaramaz hili, çukanak-sakanak ýollar köplenç ýol hadysalaryna ýol açýar.

Azatlygyň habarçylary geçen 2023-nji ýyla geçilen gije Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda “Opel” kysymly ýeňil awtoulagyň ýol heläkçiligine uçramagy netijesinde tutuş bir maşgalanyň, ene-atanyň we olaryň iki gyzynyň hem-de bir oglunyň ýol heläkçiliginde wepat bolandygyny habar berdiler.

Fewralda Mary-Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda bolan köçe-ýol hadysasynda ýedi adam, şol sanda bir är-aýal heläk boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary aprel aýynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda bolan bir ýol hadysasynda üç sany mekdep okuwçysynyň heläk bolandygyny habar berdi. Bu hadysada polisiýanyň uly leýtenanty içgili ýagdaýda awtoulag dolandyryp, ýoluň kenarynda ýöräp barýan üç sany mekdep okuwçysyny kakyp öldürýär. Öňki polisiýa işgäri maý aýynda 18 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi.

Apreliň ahyrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherinde iki adam, maý aýynda Aşgabadyň 10 ýyl abadançylyk köçesiniň ugrunda ýedi adam, iýunda Aşgabat Daşoguz gara ýolunda dört adam, şol sanda bir aýal we bir çaga, iýul aýynyň dowamynda Aşgabat Mary awtomagistralynda ýedi adam, Daşoguz Lebap aralygynda bäş adam, Aşgabatda bir çaga, awgustda Daşoguz şäherinde aç adam, sentýabrda Türkmenbaşy-Aşgabat ýolunda üç adam, oktýabrda Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda iki adam, noýabrda Daşoguzyň Şabat etrabynda ýedi ýaş ýigit ýol heläçiliklerinde pida boldular. Ýylyň dowamynda ýurduň köçelerinde başga-da birnäçe ýol hadysalary hasaba alyndy.

Türkmenistanda her ýyl tutuş bir aý, sentýabr aýy köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanýar. Bu aý köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly habarlylyk kampaniýalaryna gönükdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabadyň “ünsden düşürilýän” köçelerinde çukurlar köpelýär
Türkmenabatda awtobanyň gurluşygyna çagyl daşaýan wagonlar agdy
Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi
Lebapda bir aýlap Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyk görülýär
Mary ― Türkmenabat ýolunyň ugrundaky awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň biri abatlanyldy
Berdimuhamedow Aşgabadyň we ýurdyň ýyl dönümi baýramlary bilen bagly dikuçurda gurluşyklara syn etdi