“Ahal” AFK-nyň Çempionlar ligasynda Saud Arabystanyň “Al-Feýha” toparyny ýeňdi

“Ahal” AFK-nyň Çempionlar ligasynda Saud Arabystanyň “Al-Feýha” toparyny ýeňdi

AFK-nyň Çempionlar ligasynda Türkmenistanyň çempiony “Ahal” futbol topary Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Feýha” toparyndan 1-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk 19-njy sentýabrda Aşgabat şäherinde geçirildi.

Duşuşykdaky ýeketäk goly 51-nji minutda Ahalyň ýarymgoraçysy Elman Tagaýew geçirdi.

Bu duşuşykdan soňra “Ahal” “A” toparçasynda 3 utuk bilen 2-nji orunda barýar. Bu toparçada BAE-niň “Al-Aýn” topary birinji orunda (3 utuk), Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Feýha” topary 3-nji orynda we Özbegistanyň “Pahtakor” topary bolsa 4-nji orunda barýarlar.

“Ahal” AFK-nyň Çempionlar ligasynyň günbatar zolagynda çykyş edýär. Bu zolakda jemi 20 sany topar 5 toparçada bäsleşýärler. Her toparçadan birinji ýeri eýelän 5 sany topar we ikinji ýeri eýelän iň gowy 3 sany topar indiki tapgyra çykarlar. Bu sekiz futbol topary indiki tapgyrda özara güýç synanşarlar.

K.Ronaldo, Neýmar, Benzema, Mane we başgada birnäçe dünýä belli oýunçylar bu ýyl ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynda oýnaýarlar. Olar hem günbatar zolakdaky toparlaryň düzüminde çykyş edýärler.

“Ahal” indiki duşuşygyny 3-nji oktýabrda myhmançylykda BAE-niň “Al-Aýn” topary bilen geçirer.

Ýene degişli makalalar

Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy