Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky üçünji duşuşygyny Eýranyň Fulady bilen geçirer

Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky üçünji duşuşygyny Eýranyň Fulady bilen geçirer

Türkmenistanyň Ahal futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky üçünji duşuşygyny şu gün Eýranyň Fulad topary bilen geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 22:15-de başlanar.

Fulad futbol topary Eýranyň Huzestan welaýatynyň merkezi şäheri bolan Ahwaza wekilçilik edýär.Topar 1971-nji ýylyň 2-nji martynda polat öndüriji kompaniýa bolan Fulad Hozestan tarapyndan döredildi.Häli-häzirler hem bu kompaniýa toparyň esasy hemaýatkäridir.

Fulad öz meýdanyndaky duşuşyklaryny 30 müň 655 tomaşaça niýetlenen Fulad Arenada geçirýär.Topar häzirki wagtda Eýranyň Pro ligasynda ýaryşýar.Eýranly janköýerleriň arasyndaky meşhurlygy boýunça Fulad Persepolisden, Esteglaldan, Traktordan we Sepahandan soň bäşinji orundadyr.

Fulad taryhynda iki gezek ― 2004/05-nji we 2013/14-nji ýyllaryň möwsümlerinde Eýranyň çempiony boldy. Şeýle hem ol 2020/21-nji ýyllaryň möwsüminde Eýranyň kubogyny, geçen ýyl ýurduň Naýbaşy kubogyny gazandy.

Geçen möwsümde Fulad ýerli çempionatda altynjy orny eýelän hem bolsa, Hafzi kubogynda (Eýranyň kubogy ugrundaky ýaryş şeýle atlandyrylýar) ýeňiş gazanandygy sebäpli, AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Transfermarkt toparyň oýunçylarynyň umumy bahasynyň 8,95 million ýewro ýetýändigini ýazýar. Fuladyň düzüminde malili goragçy Mussa Koulibaly, ispaniýaly ýarym goragçy Ibai Gomez Perez, Günorta Afrikaly hüjümçi Aýanda Patosi we braziliýaly hüjümçi Çimba ýaly daşary ýurtly futbolçylar bar.

Fulada 2019-njy ýyldan bäri eýranly hünärmen Jawad Nekunam tälim berýär. Ol Eýranyň milli ýygyndysynda iň köp duşuşyk geçiren (149 oýun) ozalky futbolçydyr.

Ýene degişli makalalar

10.11.2018 | Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty — sport we dostluk baýramçylygynyň nusgasy
Owazasy jahana dolan rekordlaryň çempionaty
SPORT DIPLOMATIÝASYNYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI
Berdimuhamedow agyr atletika boýunça Halkara federasiýasynyň prezidentini kabul etdi
08.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
01.11.2018 | Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty badalga aldy