Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýubileý duşuşygyny geçirdi

Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýubileý duşuşygyny geçirdi

Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Ahal futbol topary düýn AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky 10-njy duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk toparyň AFK gurnamagyndaky ýaryşlarda (AFK-nyň kubogy bilen bilelikde) 35-nji duşuşygy boldy.

Topar Çempionlar ligasyndaky ilkinji 10 duşuşygynyň ikisinde ýeňiş gazanyp, ikisinde deňme-deň oýnady. Alty duşuşykda bolsa garşydaşlaryndan asgyn geldi. Şol duşuşyklarda garşydaş derwezelere 10 gol geçiren Ahal öz derwezesinde 17 gol gördi.

Yklym ýaryşlaryna 2015-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýän topar 35 duşuşygyň 15-sinde ýeňiş gazanyp, 14-sinde ýeňildi. 6 duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. Ahal yklym ýaryşlarynda garşydaş derwezelere 47 gol geçirip, öz derwezesinde 46 gol gördi.

Elman Tagaýew Ahalyň AFK-nyň gurnaýan ýaryşlarynda iň kän tapawutlanan futbolçydyr. Ol yklymyň birinji we ikinji derejeli ýaryşynda jemi 7 gol geçirdi. Sanawyň ikinji ornunda 5 golly Süleýman Muhadow, üçünji ornunda bolsa her biri 4 goldan geçiren Gurban Annaýew, Myrat Annaýew we Arslanmyrat Amanow bar.

Düýn Pahtakor bilen bolan duşuşykda tapawutlanan Alibek Abdyrahmanow Ahalyň düzüminde halkara ýaryşlardaky ilkinji goluny geçirdi. Ol Ahal bilen bu ýaryşlarda tapawutlanan 22-nji futbolçy boldy.

Ýene degişli makalalar

AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy