Ahal düzümini ýaş futbolçylaryň ikisi bilen güýçlendirdi

Ahal düzümini ýaş futbolçylaryň ikisi bilen güýçlendirdi

Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Ahal futbol topary täze ýyldaky ilkinji transferlerini amala aşyrdy. Klubyň metbugat gullugy Merwiň we Köpetdagyň ýaş futbolçylaryny düzümine goşandygyny habar berdi.

Has takygy, Merwden Igor Sekow bilen Köpetdagdan Azizbek Bekçanow täze möwsümde Serdar Geldiýewiň şägirdi bolar.

Igor Sekow Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde iki gezek tapawutlandy. Has takygy, ol 17-nji tapgyrda Energetigiň, 23-nji tapgyrda bolsa Şagadamyň derwezesinden gol geçirdi. Igor Sekow bilen bilen bile bir tapgyrda (17-nji tapgyr) Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçiren Azizbek Bekçanow bolsa indi gollaryny Ahalda dowam etdirer.

Ýeri gelende aýtsak, ýaş oýunçylara mümkinçilik bermekde we olardan gowy netije almakda Ahalda nusgalyk mekdep emele geldi. Geçen möwsümde hut şu toparda Gurbanmuhammet Esenowyň hem ýyldyzynyň parlandygyny ýatladýarys.

Türkmenistanda 1-nji ýanwarda başlanan gyşky transfer möwsümi 29-njy fewrala çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji möwsümde ilkinji çempionlyk
Ahal we Merw ýeňiş bilen başlady, Altyn asyr Şagadamdan ýeňildi — Ýokary liganyň birinji tapgyrynyň jemleri
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2023: Ahal Merwi uly hasap bilen ýeňdi
TFÇ ― 2024: Ahal dokuzynjy ýeňşini gazandy