Ahal ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin halkara tenderi yglan edildi

Ahal ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin halkara tenderi yglan edildi

Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşigi Ahal ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň tehniki auditini we tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny (TYE) geçirmek üçin halkara tender-bäsleşigini yglan etdi. Tender-bäsleşigiň maksady kärhanany doly taslama güýjüne çykarmakdyr.

Gyzyklanma bildiren gatnaşyjylar tender hakyndaky bildiriş resmi çap edilenden soň 30 iş gününiň dowamynda öz tender teklipnamalaryny tabşyryp bilerler. Tender hakyndaky bildiriş Neýtralnyý Turkmenistan gazetiniň 02.12.2024-nji ýyl senesindäki sanynda çap edildi.

Resminamalary kabul etmek günde ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli amala aşyrylýar.

Giňişleýin maglumatlary we tehniki tabşyrygy almak üçin tender-bäsleşigine gatnaşmak isleýänler Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşigine gönüden-göni ýüz tutup bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

• +993 12 44-75-48 • +993 12 44-75-49 • +993 12 44-75-45 Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, jaý 92.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Daşoguz we Balkan welaýatynda Adalat ministrliginiň adalat edaralary gurlar
Aşgabatda 19-njy awgustda Kids Expo: hemme zat çagalar üçin atly halkara sergi başlanar